DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti Marko Rubio we Serjio Gora döwlet sylaglaryny gowşurdy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio we ABŞ Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gora döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Marko Rubio «Beýik hyzmatlary üçin» («Buyuk xizmatlari uchun») ordeni bilen sylaglandy. Döwlet Baştutany onuň özbek-amerikan strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça tagallalary goldamaga goşan şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Şeýle hem onuň Täze Özbegistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmäge ýardam berendigi, iki ýurduň halklarynyň arasynda ynamy we dostlugy pugtalandyrmakdaky hyzmatlary aýratyn nygtaldy.

Serjio Gor bolsa Özbegistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan goşandy üçin «Dostluk» ordenine mynasyp boldy.

Onuň syýasy dialogy işjeňleşdirmek, ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, amerikan maýadarlaryny çekmek we bilelikdäki taslamalary öňe sürmek boýunça tagallalary, şeýle hem Amerikan-Özbek işewürlik we maýa goýum geňeşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy bellenildi.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýanyň senatory bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan bilen Gazagystan hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

«Artyk» gümrük nokadynda türkmen-eýran duşuşygy