Özbegistan we ABŞ diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge däl, eýsem Merkezi Aziýanyň bitewi sebit hökmünde mümkinçiliklerini doly açmaga hem üns bermek arkaly «C5+1» formatyna täze strategik mazmun bermelidir. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow Samarkantda geçirilen «C5+1» formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyň açylyşynda mälim etdi.
Daşary işler ministri Özbegistana ilkinji saparyny amala aşyrýan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubiony mähirli garşylady we onuň ýolbaşçylygyndaky toparyň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.
Saidow, şeýle hem ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Merkezi Aziýa we sebit bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döreýän mümkinçiliklere aýratyn üns berýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, Özbegistanyň we ABŞ-nyň prezidentleriniň arasyndaky özara ynama esaslanýan dialog ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze sahypany açdy.
Duşuşygyň geçiriljek ýeri hökmünde Samarkandyň saýlanyp alynmagy simwoliki ähmiýete eýedir. 2015-nji ýylda hut şu şäherde «C5+1» formatyndaky ilkinji ministrler duşuşygy geçirilipdi. Şondan bäri hyzmatdaşlygyň gün tertibi giňeldi, özara gatnaşyklaryň mehanizmleri berkidildi, Merkezi Aziýa döwletleriniň agzybirligi has-da pugtalandy we olar öz geljegini özbaşdak kesgitlemäge has ukyply boldular.
«Güýçli, durnukly we gülläp ösýän Merkezi Aziýa ähli döwletlerimiziň we halkara hyzmatdaşlarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýär», diýip ministr nygtady.
Saidow Özbegistanyň «C5+1» Sekretariatynyň başlykdaşlyk wezipesini öz üstüne alyp, gazanylan netijeleri has-da ösdürmegi, hyzmatdaşlygyň dowamlylygyny üpjün etmegi we ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini gazanmagy maksat edinýändigini habar berdi.
Daşary işler ministri, şeýle hem Samarkandyň asyrlarboýy halklaryň, söwda ýollarynyň, bilimleriň we pikirleriň çatrygy bolup hyzmat eden taryhy ornuny ýatlatdy. Ol häzirki duşuşygyň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek ugrunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
