DÜNÝÄ

Özbegistan «Artemida» ylalaşyklaryna goşuldy

Özbegistan Aýy, Marsy, kometalary we asteroidleri parahatçylykly maksatlar bilen öwrenmekde we peýdalanmakda halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerini kesgitleýän «Artemida» ylalaşyklaryna goşuldy. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministri habar berdi.

Resminama 19-njy oktýabrda ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio tarapyndan gol çekildi.

Özbegistan bu ylalaşyklara goşulan 77-nji döwlet boldy.

Saidowyň sözlerine görä, bu başlangyja gatnaşmak ABŞ-nyň Milli aeronautika we kosmos giňişligini öwrenmek müdirligi (NASA), şeýle hem ylalaşyga gatnaşýan beýleki döwletleriň kosmos agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Resminama, şeýle hem milli hünärmenleri taýýarlamak we kosmos tehnologiýalaryny geçirmek üçin mümkinçilikleri döredýär.

Related posts

Dawis hukuk fakultetinde Halkara Nowruz güni belleniler

Türkmenistanly wekiller Fransiýadaky halkara seminara gatnaşdylar

“Türkmenistan-Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahaty geçiriler