DÜNÝÄ

Marko Rubio Samarkant şäherine bardy

АBŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio maşgalasy bilen Özbegistana geldi. Amerikaly diplomatyň uçar Samarkand halkara howa menziline gondy. Ony Özbegiistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa, Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, АBŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili Serjio Gor we АBŞ-nyň ilçisi Jonatan Henik garşyladylar.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem ABŞ-nyň döwlet sekretary hem-de işewürleri bilen duşuşmak maksady bilen Samarkant şäherine bardy.

Samarkandda Rubio АBŞ-ny we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny — Özbegistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Türkmenistany birleşdirýän “C5+1” formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. Amerikaly döwlet sekretarynyň Özbegistana we Hindistana sapary oktýabr aýynyň 17-sinden 22-sine çenli dowam eder. Bu barada АBŞ-nyň Döwlet departamentiniň 13-nji oktýabrda neşir edilen beýanatynda aýdylýar.

Amerikanyň daşary syýasat edarasy tarapyndan bellenilişi ýaly, C5+1 duşuşygy АBŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parahatçylygyny berkitmekde we abadançylygyny üpjün etmekde strategik hyzmatdaşlygyň eýeleýän ornuna bagışlanar.

Saparyň çäginde Rubio sebitiň döwletleriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri hem geçirer.

Döwlet departamentiniň berýän maglumatlaryna görä, döwlet sekretaryna Amerikanyň işewürler jemgyýetiniň 200-den gowrak wekili ýoldaşlyk edýär. Waşington bu saparyň АBŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ylalaşykly we ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegini üpjün etjekdigine ynam bildirýär.

Related posts

Hindistan Gyrgyzystana grant hem-de karz berer

Gymmat bahaly göwher satyldy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar