BIZNES

«OGT 2026»: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar

2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly XXXI  halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary hasaba almak işi tamamlandy. Foruma dünýäniň 75 ýurdundan 450 kompaniýa wekilçilik edýän 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy. Bu görkeziji halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň energetika pudagyna bolan uly gyzyklanmasyny aýdyň görkezýär.

«OGT 2026» halkara forumy döwlet edaralarynyň wekillerini, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň iri energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, maýadarlary, maliýe edaralarynyň, öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň wekillerini hem-de pudaklaýyn bilermenleri bir ýere jemlär. Foruma gatnaşyjylar maýa goýumlaryny çekmegiň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Maslahata we sergä Hytaýyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystanynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň wekilleri gatnaşarlar.

Gatnaşyjylaryň giň halkara düzümi Türkmenistanyň baý energetika serişdelerine, maýa goýum mümkinçiliklerine hem-de sebit we halkara energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmekdäki ornuna bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny görkezýär.

Related posts

Birža täzelikleri: türk işewürleri nah ýüplük aldy

Paýtagtymyzyň günorta böleginde «AŞGABAT» ýazgysy peýda bolar

Türkmenistanda 24 desga hususylaşdyrylar