JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzyň hereket edýän kanunlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, “Elektron söwda hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük, Jenaýat, Raýat iş ýörediş kodekslerine we başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.

Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde zenanlaryň orny, gender deňligi, saglygy goraýyş, demografik ösüş, kanunçykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly Halkara zenanlar dialogy, “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat, “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guralan forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine beren hemmetaraplaýyn goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli pulumyzyň – manadyň dolanyşyga girizilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna gabatlanyp “Milli manat – täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini giňden beýan etmek, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere milli pulumyzyň – manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan bu çärelere taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda amatly maýa goýum gurşawyny döretmek boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Halkara maslahaty “Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş” diýen şygar astynda geçiriler we onuň çäklerinde birnäçe plenar mejlisler hem-de beýleki maslahatlar guralar. Şeýle hem “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, halkara maslahatlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahatyny we sergisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny öndürijilikli işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda pagta ýygymy dowam edýär. Ýygnalýan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek hem-de gaýtadan işlemek, şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary netijeli işletmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda dürli görnüşli dökünler öndürilýär. Öndürilýän mineral dökünler bilen ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri doly üpjün edilip, galan bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmekde himiýa pudagyna uly ornuň degişlidigini belledi hem-de wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny doly taslama kuwwatynda işletmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek “Hytaý halkara import EXPO” sergisine Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň soňky tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň iri möçberli halkara sergilerine yzygiderli gatnaşyp, harytlarymyzyň giňden mahabatlandyrylmagy hem milli önümlerimizi daşary ýurt bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

“Hytaý halkara import EXPO” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzda öndürilip, dünýä bazarlaryna çykarylýan giň görnüşli harytlar, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, şeýle hem halkymyzyň milli-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem serginiň çäklerinde Türkmen-hytaý işewürler forumy guralar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri halkara sergilerine çykarmak we giňden tanyşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek «Hytaý halkara import EXPO» sergisine ýurdumyzyň milli pawilýony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň dünýädäki belent şan-şöhratyny, milli medeni mirasymyzy we gadymy gymmatlyklarymyzy kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän zehinli döredijilik adamlaryny ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzda dürli bäsleşikler yglan edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik munuň aýdyň beýanydyr.

Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini hem-de zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini yglan etmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 36 ýyllyk baýramy mynasybetli 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmäge, medeni mirasymyzy öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, ylma we döredijilige höweslerini artdyrmak babatynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Hususan-da, geljek aýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny, “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyny, V Açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny, Türkmen oba hojalyk institutynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigini, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Häzirki zaman stomatologiýasynyň wajyp meseleleri” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny, “Biologiýa” dersi boýunça V halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem noýabr aýynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Maliýe” dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny, “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly utgaşykly görnüşde III halkara ylmy-amaly maslahatyny, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Himiýa” dersi boýunça V halkara olimpiadasyny hem-de onuň bilen ugurdaş “Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny, Türkmen döwlet maliýe institutynda “Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary” dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni” atly II halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ylmy-amaly maslahatlaryň we ders bäsleşikleriniň geçirilmegi ylym-bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga, bilim işiniň ylmy-usulyýet binýadyny öňdebaryjy tejribeler bilen baýlaşdyrmaga itergi berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara maslahatlaryny hem-de olimpiadalaryny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşyga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň hatarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny görkezmek bolar. ABŞ bilen uzak ýyllaryň dowamynda milli we sebit derejelerde gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmagyň möhüm gurallary ýola goýuldy.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» görnüşdäki alnyp barylýan hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlygy ýola goýmak we onuň işini berkitmek boýunça bilelikdäki tagallalara türkmen tarapy yzygiderli goşant goşýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň sentýabryndan 2026-njy ýylyň sentýabry aralygynda bu formatyň sekretariatynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen bilelikde başlyklyk edendigini bellemek zerurdyr.

Türkmen tarapy bu sekretariatda başlyklyk eden döwründe bu formatyň çäklerinde anyk mowzugy ilerletmek tejribesini ilkinji bolup ýola goýdy. Has takygy, bu döwürde Türkmenistan formatyň çäklerinde Emeli aňyň mümkinçilikleri bilen bagly mowzugy öňe sürdi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň başlyklyk eden döwründe, ýagny 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde şu formatyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň bu ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça beren görkezmelerinden we tabşyryklaryndan ugur alyp, türkmen tarapy formatyň çäklerinde geçirilýän dürli derejedäki çärelere işjeň gatnaşýar. Soňky aýlaryň dowamynda bu formatyň çäklerinde dürli derejelerdäki duşuşyklaryň geçirilendigi we olaryň işjeňleşendigi bellenildi.

Şu ýylyň 19-njy oktýabrynda bolsa Samarkant şäherinde bu formata gatnaşýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu duşuşyk bilen bagly taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Duşuşykda köptaraplaýyn formatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary babatda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etmek göz öňünde tutulýar.

Bu duşuşyk bilen bir hatarda, hökümet agzalarynyň we işewürleriň gatnaşmagynda birnäçe ugurlar, hususan-da, sanly tehnologiýalar, bilim we saglyk, wajyp minerallar, energiýa we ulag infrastrukturalary, oba hojalyk we dokma toplumy, maliýe we maýa goýum ýaly ugurlar boýunça işewürler sessiýalary geçiriler.

Bu çäräniň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň dowamynda gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini, şol sanda şu ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky Türkmen-Amerikan syýasy geňeşmelerine taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşmak maksadalaýyk hasaplanylýar.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky bu formatyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyň sebitiň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjek bu duşuşyga gowy taýýarlyk görmegi we işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döwrebap enjamlar toplumlary bilen üpjün etmek babatda netijeli çäreler görülýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Related posts

Şazada Garri we Megan Markl kitap ýazarlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Ata Watan Eserleri