JEMGYÝET

Şazada Garri we Megan Markl kitap ýazarlar

Beýik Britaniýanyň patyşa maşgalasyny terk edip, ABŞ-da ýaşamak kararyna gelen şazada Garriniň we Megan Marklyň terjimehal kitabyny ýazjakdygy öňe sürüldi. Kitap meşhur jübütlere ýakyn iki źurnalist tarapyndan ýazylar. Kitabyň esasy mowzugy är-aýalyň britan maşgalasyndan (Megxit) gitmegi bilen baglanyşykly bolar.

Britan maşgalasyny terk eden bu jübütler barada her gün dürli habarlar çap edilýär. Ahyrynda meşhur är-aýalyň terjimehal kitabyny ýazjakdygy öňe sürüldi.

Kitabyň adynyň “Jikme-jikliklerdäki häzirki zaman britan patyşalygy maşgalasy: Garriniň we Meganyň hakyky dünýäsi” boljakdygy aýdyldy. Kitabyň meşhur žurnalistler tarapyndan ýazyljakdygy we olaryň biri Omid Skobiniň boljakdygy bellenildi.

Related posts

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pederlerimiziň däplerini dowam etmegi çagyrdy

Arkadag şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar