MEDENIÝET

Şakiranyň Bişkekdäki konsertine dünýäniň 33 döwletinden myhman gatnaşar

18-nji oktýabrda Bişkek dünýä meşhur ýyldyzy Şakiranyň planetanyň dürli künjeklerinden bolan janköýerlerini kabul eder.

Resmi petek operatory «GovTicket»-iň maglumatlaryna görä, konserte dünýäniň 33 döwletinden myhmanlaryň gelmegine garaşylýar.

Daşary ýurtly janköýerlerin arasynda iň uly gyzyklanmany Gazagystanyň ýaşaýjylary görkezýärler. Olardan soň Russiýa we Özbegistan gelýär.

Şeýle hem konserte ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Türkiýeden, BAE-den (Birleşen Arap Emirlikleri), Günorta Koreýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan we beýleki döwletlerden myhmanlar ýygnanýarlar.

Hödürlenen statistika diňe «GovTicket»-iň maglumatlaryny öz içine alýar. Konserte petekler beýleki petek operatorlary we hyzmatdaşlar arkaly hem ýerleşdirildi, olaryň satyşlary bu statistika girizilmändir.

Şunlukda, konserte wekilleri gelip görjek ýurtlaryň hakyky sany has köp hem bolup biler.

18-nji oktýabrda «Bishkek Arena» dünýäniň ähli ýerinden Şakiranyň janköýerlerini birleşdirer, Gyrgyzystanyň paýtagty bolsa ýene-de halkara üns merkezinde bolar.

Related posts

Milli senenamamyzda akrap döwri başlady

Kä­riz­ler – gym­mat­ly milli tejribe

Medeniýet ulgamyna maliýe kömegi