BIZNES

Türkmenistanda täze önümçilik kärhanalary gurlar

Türkmenistanda ýakyn ýyllarda dürli ugurlara degişli birnäçe täze önümçilik kärhanalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň çykyşynda bellemegine görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhana şu ýyl işe giriziler.

Şeýle hem häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde bolsa mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygy alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda ýene-de birnäçe täze önümçiligiň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi. Hususan-da:

  • Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän täze döwrebap toplum;
  • «Balkanabat» ýod zawodynda tehniki ýod we brom hem-de tehniki uglerod öndürýän täze önümçilik desgalary;
  • «Guwlyduz» kärhanasynda dürli görnüşli duzlary öndürýän önümhana gurlar.

Mundan başga-da, şu ýyl Daşoguz welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň çäklerinde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna hem badalga berlendigini aýtdy. Bu ýerde ýakyn geljekde 1 müňden gowrak täze iş ornunyň dörediljekdigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýurdy öňdebaryjy senagat we ýokary tehnologiýaly önümçilik merkezine öwürmegi maksat edinýändigini belledi.

Related posts

Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistan erkin söwda barada ylalaşyk gazandy

«Rysgal» bank «RysgalPay» töleg hyzmatyny işe girizdi

Türkmenistan bilen Özbegistan halkara gatnawlarynda wiza amallaryny ýeňilleşdirer