JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Döwlet Dumasynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

RF-niň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny tüýs ýürekden hormatyň we dostlugyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz ses berlişigiň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, Russiýanyň parlamentiniň täze düzümine ýurduň we onuň raýatlarynyň bähbidine netijeli zähmet çekmegi arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen özara ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Related posts

Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş geçirildi

Türkmenistanda 26-njy martda gowaça ekişine girişiler

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Tailandy 3:1 hasabynda ýeňdi

Ata Watan Eserleri