Döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi hem-de döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.
Şol resminamalaryň hatarynda:
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk;
- «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we serişdeler ministrliginiň arasynda himiýa senagatynda we senagat gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Koreýa Respublikasynyň Howa, energetika we daşky gurşaw ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Gender deňligi we maşgala ministrliginiň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministrliginiň arasynda intellektual eýeçilik babatda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda hukuk we ýustisiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Koreýa Respublikasynyň Ýokary prokuraturasynyň arasynda transmilli guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Koreýa Respublikasynyň Koreýa Gümrük gullugynyň arasynda serhetde intellektual eýeçilik hukugyny goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Koreýa Milli polisiýa agentliginiň arasynda polisiýa hyzmatdaşlygy barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Koreý tokaý gullugynyň arasynda tokaýlary sanly görnüşde dikeltmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
