JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine «Syýasy ylymlaryň hormatly doktory» derejesi berildi

Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Sungýungwan uniwersitetine bardy.

Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň sy­ýa­sy ylym­la­ryň hor­mat­ly dok­to­ry de­re­je­si­ni ber­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­nyň ba­şyn­da ýyg­na­nan­lar il­ki hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.

Hor­mat­ly Prezidentimiz 20 ýyl­dan gow­rak wag­tyň do­wa­myn­da döw­let eda­ra­la­ryn­da, şol san­da da­şa­ry iş­ler, ener­ge­ti­ka, se­na­gat önüm­çi­li­gi we yk­dy­sa­dy­ýet ýa­ly giň ugur­lar­da baý iş tej­ri­be­si­ne eýe bo­lup, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti we­zi­pe­si­ne bi­ra­gyz­dan saý­la­nyl­dy.

Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň ýol­baş­çy­sy Ýu Ji Bom çy­kyş edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň sy­ýa­sy ylym­la­ryň hor­mat­ly dok­to­ry de­re­je­si­niň be­ril­me­gi­niň iki döw­le­tiň ara­syn­da ke­ma­la ge­len yl­my we dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň aý­dyň be­ýa­ny­dy­gy­ny aýt­dy.

Ka­rar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, da­şa­ry iş­ler, ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk, ýer­li do­lan­dy­ryş we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça gi­ňiş­le­ýin tej­ri­be­si, Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ösü­şi­ne ýol­baş­çy­lyk edip, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek, milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak ar­ka­ly dur­nuk­ly döw­let ösü­şi­niň bin­ýa­dy­ny go­ýan­dy­gy, şeý­le-de Bi­ta­rap da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­mak we se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek bo­ýun­ça ta­gal­la edip, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy­na, yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne uly go­şant go­şan­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, As­pi­ran­tu­ra ko­mi­te­ti­niň ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň sy­ýa­sy ylym­la­ryň hor­mat­ly dok­to­ry de­re­je­si be­ril­di.

Bu de­re­je Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň yl­my­na we me­de­ni­ýe­ti­ne aý­ra­tyn go­şan­dy ýa-da adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şin­de uly hyz­mat­la­ry yk­rar edi­len şah­sy­ýet­le­re be­ril­ýär. 1957-nji ýyl­da bu de­re­jä­niň il­kin­ji ge­zek gow­şu­ry­lyp baş­lan pur­sa­dyn­dan bä­ri ol ba­ry-ýo­gy 101 ada­ma, şol san­da 2015-nji ýyl­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa be­ril­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sy­ýa­sy ylym­la­ryň hor­mat­ly dok­to­ry di­ýen ýo­ka­ry adyň ber­len­di­gi üçin Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry­na we äh­li iş­gär­le­ri­ne tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ko­re­ýa­nyň örän meş­hur hem-de 6 asyr­dan hem gow­rak ta­ry­hy bo­lan ga­dy­my ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri­niň ýokary akademik derejesini al­ma­gyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­le­di.

Related posts

Ýurdumyz boýunça oba hojalyk ekinleri barada maglumat

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen FAO täze resminamalara gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Ýaş oglanlaryň harby borçlulygy wagtlaýyn yza süýşürilýär