TEHNOLOGIÝA

“Koreýa Respublikasy-Merkezi Aziýa”: emeli aň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

14-nji sentýabrda Seulda Koreya Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda emeli aň, ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan «Korea–Central Asia Future AI, Science and Technology Partnership Ministerial Meeting» atly ministrler derejesindäki duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyga Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Koreya Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ylym, tehnologiýa we innowasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze hil derejesine çykarmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylar Koreýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ylmy-tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmegiň, uniwersitetleriň, ylmy-barlag institutlarynyň, döwlet guramalarynyň we tehnologik hyzmatdaşlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

Şeýle hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we amaly netijeleri gazanmak arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Related posts

Hytaýyň awiakompaniýalary “Airbusdan” 500 uçar satyn alar

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Ýaponiýada howasyz ulag tekerleriniň synaglary başlady