Madridiň «Atletiko» klubynyň goragçysy Kristian Romero «Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi Lionel Messiniň milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlamagyndan soň, Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze kapitany bolar. Bu barada «TyC Sports» telekanaly habar berýär.
31-nji awgustda Messi milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlandygyny yglan etdi.
Romero 28 ýaşynda. Ol dünýä çempiony (2022) we bu ýaryşyň kümüş medalynyň eýesi (2026), şeýle hem Amerika kubogynyň iki gezekki ýeňijisidir. Ozal futbolçy Argentinanyň «Belgrano», Italiýanyň «Jenoa», «Ýuwentus», «Atalanta» we Angliýanyň «Tottenhem» klublarynda çykyş etdi, ol bu toparyň düzüminde 2024/25 möwsüminde Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy.
