JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ahalteke bedewleriniň çapuw ýodasy üçin türkmen topragy ulanylmalydyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport oýunlar binasyna bardy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow hem çagyryldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Liderine Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklardan ugur alnyp taýýarlanylan şekil taslamalary görkezildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew toplumy döwrebaplaşdyrmak, şol sanda onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak, mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Topluma degişli binalaryň içki we daşky durkuny has-da döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýlary hakynda giňişleýin durlup geçildi.

Gahryman Arkadag beýan edilen maglumatlar, görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara degişli käbir belliklerini aýtdy we birnäçe nesihatlaryny aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadag atşynaslardan gelip gowşan teklipler esasynda bu ýerdäki at çapyşyklaryna niýetlenilen ýodanyň döwrebaplaşdyryş işleri geçirilende onuň düşeginde türkmen topragynyň ulanmalydygyny belledi. Çünki türkmen topragy arassalygy, peýdalylygy bilen tapawutlanyp, bedewleriň çapyşygynda olaryň aýak urşuna kybap gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri topluma gelýän adamlaryň ahalteke bedewleriniň çykyşlaryny, dürli çäreleridir ýaryşlaryny, şol sanda at çapyşyklaryny synlamaklary üçin ýokary derejeli ähli amatlyklaryň bolmalydygyny aýratyn belledi. Şeýle hem bu ýerde-de sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna ünsi çekdi.

Bu ýerdäki Aba Annaýew şäherçesinde ýaşaýan atşynaslaryň mundan beýläk-de gowulandyryp, olar üçin has amatly şertleriň üpjün edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadag bu işleriň gadyr-gymmatyna oňat düşünilmeginiň gazanylmaldygyny aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň atly sport oýunlary binasynyň ýapyk manežine baryp, adaty endigine görä, öz seýislän Hanbeg atly bedewi bilen didarlaşdy hem-de ynsan gylykly bedew bilen birsellem gezim etdi. Bu görnüşler ynsan bilen bedewiň birek-birege bolan garaýşynyň çuňňurdygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Related posts

Kırgızistan Cumhurbaşkanı, Türkmenistan’ı ziyaret edecek

vepa

Büyük İpek Yolu: Asya’dan Anadolu’ya

vepa

Türkmenistan 2019’da dünya bisiklet şampiyonasına ev sahipliği yapabilir

vepa