Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde alnyp barylýan işler, şeýle hem döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda işleriň barşy bilen tanyşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen täze şäheriň 30 müň orunlyk metjidiniň çäklerinde gurulýan muzeýiň ýanyna bardy hem-de onuň daş keşbini, bezeg aýratynlyklaryny synlady. Şol bir wagtyň özünde binanyň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi. Gahryman Arkadag binanyň içinde bu ýerde oturdylan sanly tanyşdyryş ulgamynyň aýratynlyklaryny gözden geçirdi.
Muzeý sanly ulgam esasynda özüniň ajaýyplyklaryny görkezer. Ol Arkadag şäherinde zähmet çekýän ýaşlaryň, pikirleriniň peýdalanmagynyň netijesidir. Bu ýerde döwrebap tehnologiýaly 3D monitorly, animasiýa görnüşli wideoşekiller görkezildi. Emeli aň tehnologiýasy ornaşdyrylan monitorda bedewler, türkmen halylary barada türkmen, iňlis we rus dillerinde maglumat almak mümkinçiligi döredilipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu görnüşleri synlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa birnäçe degişli belliklerini aýdyp, maslahatlaryny berdi we ýaşlaryň pikirini köpräk diňlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle hem şunuň ýaly innowasion tehnologik gurluşly sanly ulgamy muzeýiň ähli ýerlerinde üpjün etmegi maslahat berdi.
