Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegi ilkinji gezek Türkmenistanda resmi saparda bolýar. Ol 4 döwlete – Türkmenistana, Slowakiýa, Awstriýa we Mongoliýa amala aşyrjak saparynyň çäklerinde Aşgabatda bolar.
Bu sapar şu ýylyň 29-njy awgusty-4-nji sentýabry aralygynda bolup, ýapon daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 29-30-njy awgustda ilkinji gezek Türkmenistanda resmi saparyny amala aşyrýar.
Toşimisu Motegi bu sapary babatda ýurdumyzyň resmi gazetleri bolan “Türkmenistan” hem-de “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetlerine makala bilen çykyş etdi.
“Ýaponiýa — Türkmenistan: ynanyşmaga we özara bähbitlere esaslanýan dostlukly gatnaşyklar” atly makalasynda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegi Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.
Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň çykyşynda şeýle diýilýär:
– Ýaponiýanyň daşary işler ministri hökmünde dokuz ýyldan soň, men 29-30-njy awgustda ilkinji gezek Türkmenistanda resmi saparda bolýaryn. Bu ýurtda bolup, Aşgabadyň ak mermerli binagärligini görmäge döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden begenýärin.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, Ýaponiýa 1992-nji ýylda bu ýurt bilen ilkinjileriň hatarynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şondan bäri geçen 34 ýylyň dowamynda iki dostlukly ýurt syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürip gelýärler. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa durnukly ykdysady ösüşi gazanyp, Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan söwda ýoly hökmünde barha uly ähmiýete eýe bolýar. Şol bir wagtyň özünde, Ýaponiýa üýtgäp durýan halkara ýagdaýlaryň bu sebitiň döwletlerine-de täsirini ýetirýändigine oňat düşünýär. Merkezi Aziýanyň töwereginde ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän döwründe sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek örän möhümdir.
Ýaponiýa gatnaşyklaryň deslapky tapgyrynda Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetine göz ýetirdi. Şoňa görä, ýurdumyz 2004-nji ýylda dünýäde ilkinji bolup sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” formatyny döretdi. “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň 20 ýyldan gowrak wagt bäri depginli ösüşiniň dowamynda köp sanly duşuşyklar, daşary işler ministrleriniň derejesinde ýygnaklaryň 10-sy, şol sanda onlaýn görnüşde duşuşyklar geçirildi. Soňky ýyllarda guralan köp sanly syýasy geňeşmelerdir ynsanperwer alyşmalar Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ýygjam gatnaşyklaryň esasyny düzdi. Geçen ýylyň dekabrynda bolsa Ýaponiýada saparda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Tokioda bu formatyň çäginde döwlet Baştutanlarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.
Geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýyldaky degişli Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň yglan edilmegine 30 ýyl doldy. Ýaponiýa Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde çylşyrymly geosyýasy şertlerde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen diplomatik tagallalaryna ýokary baha berýär. 2025-nji ýylyň martynda Baş Assambleýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda üçünji Kararnamasynyň kabul edilmegini goldamak bilen, biziň ýurdumyz onuň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. Ýaponiýa Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde halkara giňişlikde kanunyň hökmürowanlygyna esaslanýan erkin hem-de açyk halkara tertibi bilelikde gorap saklamagy we berkitmegi maksat edinýär.
Ýapon-türkmen gatnaşyklary, esasan, ykdysady ulgamda uly netijeleri berýär. Munuň şeýledigini tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, dökün önümçilik zawodynyň gurluşyklary ýaly iri hyzmatdaşlyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem tassyklaýar. Ýaponiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we Türkmenistanyň baý tebigy serişdelerini utgaşdyrmak bilen, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Geljekde gaýtadan işleýän pudagy öz içine alýan ýapyk aýlawly ykdysadyýet, şeýle hem emeli aň ýaly ugurlarda Ýaponiýanyň tejribesini ulanyp, anyk hyzmatdaşlyk taslamalarynyň amala aşyrylmagyna garaşylýar.
Geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen «Ekspo — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde 14-nji aprelde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy. Ýokary binagärlik gözelligi bilen tapawutlanan bu pawilýon ýapon halkynyň Türkmenistan baradaky düşünjesini has-da çuňlaşdyrmaga ýardam etdi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň Ýaponiýanyň pawilýonyna baryp görmegi ýapyk aýlawly ykdysadyýet babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga itergi berdi. Geljek ýylyň martynda Ýokohamada geçirilmegi meýilleşdirilýän “Green Expo 2027” halkara sergisinde hem Türkmenistanyň özüne çekiji mümkinçilikleriniň has giňden tanyşdyrylmagyna garaşýarys.
Meni Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sanynyň barha artýandygy, türkmen topragynda-da Ýaponiýa bolan gyzyklanmanyň ýokarlanýandygy diýseň begendirýär. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen medeni-seýilgäh toplumynda ýapon ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Ýasunari Kawabatanyň heýkeliniň açylandygy köpleriň ýadyndadyr. Ýapon dilini we medeniýetini öwrenýänleriň ählisi geljekde iki ýurdy birleşdirýän dostluk köprüsi bolup hyzmat eder diýip umyt edýärin.
Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna, meniň şu saparymyň bolsa oňa goşmaça itergi berjekdigine ynanýaryn. Men saparyň dowamynda geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iki saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäginde geçirilen ilkinji sammitiň netijelerine esaslanyp, köpugurly hyzmatdaşlyk we halkara gün tertibi meseleleri barada açyk pikir alyşmagy, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýärin. Sözümiň ahyrynda geljek ýylda belleniljek diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ýaponiýanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynanýandygymy bellemek bilen, Türkmenistana we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.
