JEMGYÝET

Awazada 3 sany möhüm sammit geçiriler

Şu ýylyň güýzünde, ýagny 7-9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 3 sany möhüm sammit geçiriler. Olar – Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň hem-de Hazar ekologiýa sammiti.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda agzalyp geçildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda uly işleri alyp barýandygyny belläp, bu ugurda iki ýurduň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 7-9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 3 möhüm sammiti, hususan-da, Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini hem-de Hazar ekologiýa sammitini geçirmek babatda Türkmenistanyň tekliplerini goldandygyny we bu forumlara gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlygyny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentiniň saparyna uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Related posts

Türkmenistan bilen Eýran parlamentara toparyny döreder

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Ata Watan Eserleri

Premýer ministr öýlenýär