SPORT

Taýson Fýuri bilen Entoni Joşua Nýu-Ýorkda ringe çykar

Fýuri — Joşua boks tutluşugy 20-nji noýabrda geçiriler. Taýson Fýuri bilen Entoni Joşua 20-nji noýabrda Nýu-Ýorkda geçiriljek boks tutluşygy üçin şertnama baglaşdylar.

Tutluşyk NFL-iň oýunlary bilen gabat gelmezligi üçin şenbe güni däl-de, anna güni geçiriler.

Ozal Fýuri sosial ulgamlarda ýakyn wagtda «hemmeleriň garaşýan uly tutluşygynyň» yglan ediljekdigini aýdypdy.

Fýuriniň hasabynda 36 ýeňiş, 2 ýeňliş we 1 deňme-deň netije bar. Joşua bolsa 30 ýeňiş gazanyp, 4 gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Related posts

Ronaldo “Instagramda” hem rekord goýdy

Ronaldonyň tälimçisi “Beşiktaş” toparyna tälim berer

Porýe Makgregory jogap tutluşygynda ýeňdi

Ata Watan Eserleri