SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň sanyny artdyrar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap, Aşgabat — Stambul ugry boýunça uçuşlaryň ýygylygyny hepdede 12 gatnawdan 13 gatnawa çenli artdyrar. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda çap edilen maglumatlara görä, uçuş tertibine çarşenbe güni goşmaça gatnaw giriziler.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Stambulyň arasynda hepdäniň alty güni — duşenbe, sişenbe, penşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri uçuşlary amala aşyrýar. Bu günleriň köpüsinde günde iki gatnaw göz öňünde tutulýar. Üýtgeşmeler girizilenden soň, bu ugur boýunça howa gatnawy her gün amala aşyrylar.

Şeýle hem 25-nji oktýabrdan başlap, käbir gatnawlaryň uçuş wagtlary üýtgär. Hususan-da, T5-921 gatnawy Aşgabatdan öňki 18:20-niň ýerine sagat 19:10-da, T5-901 gatnawy bolsa 05:50-niň ýerine sagat 07:30-da ugrar. Anna güni irden amala aşyrylýan gatnaw has irki wagta — 04:35-den 03:40-a geçiriler.

Ýatladyp geçsek, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Deli, Pekin, Bangkok, Hoşimin, Kuala-Lumpur, Seul, London, Frankfurt, Milan we Kazan şäherlerine hem göni uçuşlary amala aşyrýar.

Related posts

Ýene-de 8 ýurda uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Ata Watan Eserleri

Sanly koronawirus şahadatnamasy dörediler

Ata Watan Eserleri

Fransiýa sanjyma başlaýar

Ata Watan Eserleri