JEMGYÝETTESWIRLER

«Makul Emeli Intellekt» baradaky makala Global Žurnalistler Geňeşiniň žurnalynda neşir edildi

«Emeli intellekt eýýamynda žurnalistika we Makul Emeli Intellekt» atly makala Global Žurnalistler Geňeşiniň (KGK) elektron žurnalynyň nobatdaky sanynda neşir edildi.

Makalanyň linki 

Makalada emeli intellektiň žurnalistika pudagyna ýetirýän täsiri, döredýän täze mümkinçilikleri, ýüze çykarýan howplary hem-de bu tehnologiýalaryň jogapkärçilikli we paýhasly ulanylmagynyň ähmiýeti seljerilýär.

Soňky ýyllarda emeli intellekt boýunça dünýäde giňden ulanylýan düşünjeleriň biri «Jogapkärçilikli emeli intellekt» (Responsible AI) bolup durýar. Makalanyň awtory Dr. Dowran Orazgylyjow bu çemeleşmäniň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, ony has-da giňeldýän «Makul Emeli Intellekt» (Reasonable AI) düşünjesini öňe sürýär. Awtoryň pikirine görä, emeli intellekt diňe bir jogapkärçilikli bolmak bilen çäklenmän, eýsem adalatly, deňagramly, ýagdaýlara laýyk we paýhasly çözgütleri hem kabul etmelidir. Hukuk ylmarynda köp ýyllardan bäri ulanylýan «makul adam» (reasonable person) ýörelgesi hem hut şu düşünjä esaslanýar.

Makalada emeli intellektiň žurnalistleriň ornuny doly eýelemek üçin däl-de, eýsem olaryň işini goldaýan we netijeliligini ýokarlandyrýan kömekçi gural hökmünde ulanylmalydygy bellenilýär. Şeýle hem maglumatlaryň takyklygy, ynanylarlylygy, awtorlyk hukugynyň goralmagy, şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi we žurnalist etikasynyň emeli intellekt döwründe aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy nygtalýar.

 

Global Žurnalistler Geňeşi (KGK) Türkiýede döredilen we dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe žurnalisti, media hünärmenini hem-de alymy birleşdirýän abraýly halkara media guramasydyr. Gurama söz azatlygyny, hünärmen žurnalistikany, halkara hyzmatdaşlygyny goldamak bilen birlikde konferensiýalary, okuw maksatnamalaryny, forumlary we elektron neşirleri yzygiderli guraýar. Dr. Dowran Orazgylyjow bolsa birnäçe ýyldan bäri bu guramanyň Türkmenistandaky wekili bolup iş alyp barýar.

Dr. Dowran Orazgylyjowyň bu makalasynyň KGK-nyň elektron žurnalynda neşir edilmegi emeli intellekt, žurnalistika we media etikasy boýunça halkara ylmy hem-de hünär çekişmelerine goşulan möhüm goşant hökmünde baha berilýär.

Related posts

Şu gün – Oraza baýramy

Ata Watan Eserleri

14-nji iýuldaky howa maglumaty

Eýranyň, BAE-niň, Beýik Britaniýanyň liderlerinden Türkmenistanyň Prezidentine gutlaglar