SPORT

Döwletjan Ýagşymyradowyň tutluşygy 7-nji awgusta geçirildi

Türkmen garyşyk söweş sungaty (MMA) türgeni Döwletjan Ýagşymyradow bilen beýik britaniýaly türgen Simeon Pauelliň arasyndaky tutluşyk başga güne geçirildi. Başda «PFL New York» ýaryşynyň çäklerinde 31-nji iyulda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyk 7-nji awgustda bolar.

Bu barada Döwletjan Ýagşymyradowyň özi sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi. Türgeniň aýtmagyna görä, muňa garşydaşynyň komissiýasy bilen bagly ýüze çykan tehniki meseleler sebäp boldy.

Ýarym agyr agram derejesiniň liderleriň tutluşygy

Tutluşyk Nýu-Ýork ştatynyň (AWŞ) Long-Aýlend şäherindäki «UBS Arena» meýdançasynda geçiriler. Bu PFL-iň ýarym agyr agram derejesiniň reýtingi üçin uly ähmiýete eýedir: Ýagşymyradow bu diwizionyň liderleriniň hataryna girýär, Pauell bolsa geljegi uly dalaşgärleriň biridir.

Türkmen türgeni üçin bu tutluşyk dünýäniň iň iri garyşyk söweş sungaty guramalarynyň birinde ýokary orunlar üçin göreşiň nobatdaky tapgyry bolar.

Döwletjan Ýagşymyradow — halkara ýaryşlarynda iň şowly çykyş edýän türkmen wekilleriniň biri. Onuň hasabynda 26 ýeňiş, 8 utuluş we 1 deňlik bar. Ol soňky tutluşygyny 2026-njy ýylyň aprel aýynda «PFL Belfast» ýaryşynda geçirip, eminleriň biragyzdan beren karary bilen Taýson Pedrodan üstün çykypdy.

Ýaňy-ýakynda, Döwletjan Ýagşymyradow Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen geçirilýän BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi boldy.

Related posts

“Real” myhmançylykda “Mançester Sitini” ýeňdi

«Tottenhem» Keýniň nyrhyny kesdi

Sport we bedenterbiýäni ösdürmek üçin täze maksatnama

Ata Watan Eserleri