Türkmenistanyň Nýu-Delidäki ilçisi Şalar Geldynazarow döwlet Baştutanynyň resmi kabulhanasynda geçirilen resmi dabaranyň dowamynda Maldiw Respublikasynyň Prezidenti Mohamed Muizze ynanç hatlaryny gowşurdy.
Şalar Geldynazarow 1992-nji ýylyň sentýabrynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri bu ada döwletinde akkreditasiýa edilen Türkmenistanyň ilkinji ilçisi boldy. Dabara Milli goranmak güýçleriniň orkestriniň gatnaşmagynda geçirilen däp bolan maldiw ýörişi bilen utgaşdy.
Dabaradan soň geçirilen duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns söwda-ykdysady ösüş, maýa goýumlary we ulag arabaglanyşygyny ösdürmek meselelerine gönükdirildi.
Iki ýurduň ýolbaşçylary iki döwletiň bähbidine hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
