“Transfermarkt” portaly 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan soň futbolçylaryň bazar bahalaryny täzeledi.
ABŞ-da, Kanadada we Meksikada 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatyndan soň “Transfermarkt” portaly birnäçe futbolçynyň bazar bahasyna üýtgetmeler girizdi.
Hüjümçiler Lamin Ýamal (Ispaniýanyň milli ýygyndysy, “Barselona”) bilen Erling Holannyň (Norwegiýanyň milli ýygyndysy, “Mançester Siti”) transfer bahasy ilkinji gezek 220 million ýewro derejesine ýetdi.
Şeýlelikde, iki futbolçy hem portalyň düzýän iň gymmat futbolçylarynyň sanawynda birinji orny paýlaşdy.
Üçünji orunda Kilian Mbappe (Fransiýanyň milli ýygyndysy, Madridiň “Real” kluby) ýerleşýär. Onuň bazar bahasy 200 million ýewro diýlip bahalandyryldy.
Ilkinji bäşlige, şeýle hem, Maýkl Olise (Fransiýanyň milli ýygyndysy, Mýunheniň “Bawariýa” kluby) 170 million ýewro hem-de ýarymgoragçy Jud Bellingem (Angliýanyň milli ýygyndysy, Madridiň “Real” kluby) 160 million ýewro bahasy bilen girdi.
