Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün sabyrlylyk we sowukganlylyk iň uly ýaranyňyz bolar. Howlukman kabul edilen kararlar size üstünlik getirer. Işde ýüze çykýan ownuk kynçylyklara garamazdan, agşam ýagdaýlar oňyn tarapa özgerer. Ýakynlaryňyza üns bermek gatnaşyklaryňyzy has-da berkitmäge kömek eder.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Günüň başynda garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp biler emma alada etmäň. Günüň ikinji ýarymynda ähli işler öz ugruna düşer. Dostlar bilen duşuşyklar we maşgala bilen geçirilen wagt size ruhy rahatlyk bagyşlar. Maliýe meselelerinde paýhasly boluň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Täze pikirler we döredijilik ukybyňyz üstünlik gazanmaga ýardam eder. Iş duşuşyklary täze başlangyçlar we möhüm gepleşikler üçin örän amatly gündür. Ýakynlaryňyz bilen açyk gürrüň etmek düşünişmegi güýçlendirer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Duýgularyňyzy dolandyrmagy başarsaňyz bu gün köp üstünlik gazanarsyňyz. Jikme-jikliklere üns bermek möhüm ýalňyşlyklaryň öňüni alar. Maşgala agzalarynyň goldawy size ynam berer.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün täze mümkinçilikleriň gapysy açylyp biler. Başarnygyňyzy görkezmekden çekinmäň. Kärdeşleriňiz we ýolbaşçylaryňyz zähmetiňize ýokary baha berer. Agşam ýakymly duşuşyklar garaşýar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Soňky döwürde eden zähmetiňiz netijesini berip başlar. Täze wezipelerden gorkmaň, olary üstünlikli ýerine ýetirersiňiz. Maşgala bilen geçirilen wagt ruhuňyzy göterer.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Şahsy durmuşyňyzda möhüm özgerişleriň başlanmagy mümkin. Kararlaryňyzy howlukman kabul ediň. Ýakynlaryňyz bilen ýürekdeş söhbetler gatnaşyklaryňyzy has-da berkider.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün özüňizi aşa ýüklemäň. Möhüm işleri ileri tutup galanlaryny başga güne goýmak ýerlikli bolar. Ýakynlaryňyzyň goldawy size täze güýç we ylham berer.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Meýilnama boýunça hereket etseňiz, ähli işleri wagtynda tamamlap bilersiňiz. Işde sabyrly boluň şahsy durmuşyňyzda bolsa ýakymly wakalar we şatlykly pursatlar garaşýar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün täze hyzmatdaşlyklar we peýdaly tanyşlyklar üçin amatlydyr. Maliýe meselelerinde üstünlik gazanmak mümkinçiligi ýokary. Agşam bolsa dynç almaga we ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmäge çalşyň.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Öň başlan işleri üstünlikli jemläp täze maksatlary kesgitläp bilersiňiz. Işewür gepleşikler üstünlikli geçer. Agşamky rahat dynç alyş ertirki işler üçin size güýç berer.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Günüň başyndaky ownuk bökdençlikler ruhuňyzy peseltmesin. Sabyrlylyk we tejribäňiz ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder. Günüň ikinji ýarymynda ýakymly duşuşyklar hoş habarlar we romantik pursatlar size şatlyk bagyşlar. Bu gün ynam bilen öňe gitmegiň wagtydyr.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
