SPORT

Enso Fernandes dünýä çempionatynyň finalynda gyzyl kart alan 6-njy futbolçy boldy

Argentina ýygyndysynyň futbolçysy Enso Fernandes dünýä çempionatlarynyň final duşuşygynda meýdançadan çykarylan 6-njy futbolçy boldy.

“Report” gullugynyň habar bermegine görä, 25 ýaşly ýarymgoragçy DÇ-2026-yň finalynda, goşmaça wagtda gyzyl kart alyp meýdançadan çykarylypdy.

Ozal final duşuşyklarynda şeýle ýagdaýa argentinaly oýunçylar Pedro Monson we Gustawo Desotti (ikisi hem 1990-njy ýylda), fransuz futbolçylary Marsel Desaýi (1998) we Zinedin Zidan (2006), şeýle-de niderlandly Jon Heýtinga (2010) sezewar bolupdylar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar

Salah “Beşiktaş” toparyna geçermi?

Russiýada hokkeý güni döredildi

Rodri dünýä çempion, Çempionlar ligasyny we “Altyn topy” gazanan 11-nji futbolçy boldy

Mbappe 2 dünýä çempionatynda iň köp gol uran ilkinji futbolçy boldy