2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Eýranyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýini ýatlamak çäresi geçirildi. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Eýranyň Lideriniň döwlet syýastyndaky we jemgyýetdäki orny, mirasy şeýle-de Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge goşan uly goşantlaryny ýatlap geçdiler.
Çäräniň dowamynda Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri hem çykyş edip, olar öz çykyşlarynda Ymam Hameneýi hakyndaky makaladyr goşgulary okadylar. Şeýle-de şehit Ymam Hameneýi barada wideoşekiller görkezilip, onuň adyna aýat-töwir okalyp, dileg-doga edildi.
