Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün köp zady amala aşyrmaga güýjüňiz ýeter. Emma esasy mesele  şol işleriň hakykatdan-da gymmatlydygy ýa-da däldigidir.  Şeýle hem  öň gowy düşünişýän adamlar hem ownuk sebäpler zerarly jedelleşip, biri-birine nägilelik bildirip bilerler. Bilelikdäki meýilnamalaryň garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli başa barmazlygy hem mümkin. Şeýle pursatda iň dogry ýol  sabyrlylygy saklamak, ýaramaz duýgularyň täsirine düşmezlik we oňyn pikirlenmäge çalyşmakdyr. Eger dawa ýüze çyksa, ilkinji bolup ylalaşmaga ädim ädýän siz bolsaňyz, bu ýokary baha mynasyp bolar.Günüň ikinji ýarymynda oňyn täsirler has güýçlener. Esasan hem söýgi gatnaşyklary we dostlukly aragatnaşyk üçin örän amatly döwür bolar. Dürli häsiýetli adamlar bilen dil tapyşmak aňsatlaşar.Bu wagt maşgala çäreleri üçin hem örän amatlydyr. Kiçijik öý baýramçylygy bolsun ýa-da ähli garyndaşlaryň gatnaşýan dabarasy bolsun, hemme zat üstünlikli geçer. Çäräni özüňiz gurasaňyz, ol aýratyn şowly bolar. Eger diňe myhman hökmünde gatnaşsaňyz hem wagtyňyzy örän şatlykly geçirersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Möhüm meýilnamalaryňyzy yza goýmaň. Çynlakaý işlere günüň ilkinji ýarymynda başlamak has dogry bolar. Ähli işi şol bada tamamlap bilmeseňiz hem, iň bolmanda ilkinji ädimi ätmek başardar.
Irden iş duşuşyklary, möhüm şahsy söhbetdeşlikler, täze işe geçmek ýa-da telekeçiligi ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatlydyr. Köp wagtdan bäri halaýan güýmenjesini goşmaça girdeji çeşmesine öwürmegi arzuw edýän Sowurlar bu gün peýdaly maslahat berjek adam bilen duşuşyp bilerler. Ilki bu maslahatlar göwnüňize ýaramasa-da, soň olaryň näderejede peýdalydygyna göz ýetirersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda ýagdaý birneme dartgynly bolup biler. Esasan hem işde, maliýe meselelerinde ýa-da ýolbaşçylar bilen düşünişmezlikler ýüze çykmagy ähtimal. Iş, pul ýa-da telekeçilik bilen bagly ähli maglumatlary içgin barlaň. Kimdir biri bilgeşleýin ýa-da bilmän sizi ýalňyşdyrmaga synanyşyp biler. Emma şahsy gatnaşyklarda beýle kynçylyklar bolmaz. Agşam ýakyn adamlaryňyzyň arasynda ýakymly we rahat geçer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün biraz dartgynly geçse-de, örän gyzykly bolar. Ilki bilen öz duýgularyňyzy dolandyrmaga çalşyň. Sebäbi olara erk berseňiz, ýagdaý has çylşyrymlaşyp biler. Şeýle hem siz ownuk zatlary juda ýürege alýan we hemmelerden goldaw gözleýän adamlar bilen köp aragatnaşyk etmeli bolarsyňyz. Olaryň nämä mätäçdigine ilki düşünmek kyn bolar, ýöne günüň ortalaryna çenli tejribäňiz we içki duýgyňyz size dogry çözgüt tapmaga kömek eder.Esasan hem başgalary tankytlamagy halaýan adamlardan daşrak boluň. Şeýle täsirler bu gün size has güýçli täsir edip biler.Günüň ikinji ýarymy öňünden meýilnama düzseňiz we şol meýilnama eýerseňiz, has üstünlikli geçer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün Seretanlar üçin işe ünsi jemlemek aňsat bolmaz. Günüň esasy kynçylygy hem hut şunda bolar. Bu  ýyldyzlar wekilleri peýdaly işleri ýerine ýetirmek isleseler-de, içki ýadawlyk we höwessizlik olara päsgel berer. Eger ýagdaý mümkinçilik berýän bolsa, özüňize goşmaça dynç güni bermegiňiz peýdaly bolar. Emma hökman ýerine ýetirilmeli işler bar bolsa, ýakynlaryňyzdan ýa-da ynamdar adamlardan kömek soramakdan çekinmäň. Ähtimal olar size höwes bilen goldaw bererler.Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda   öň mümkinçilikleriňize doly baha bermedik adamlar hem size başgaça göz bilen seredip başlarlar. Kärdeşleriňiz özleri ilkinji bolup gürrüňe başlap bilerler, ýolbaşçylar bolsa iş meselelerini has erkin ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmagy teklip edip bilerler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün irden meýilnama düzüp, ony agşama çenli üýtgetmän ýerine ýetirmek aňsat bolmaz. Garaşylmadyk wakalar köp bolar. Şeýle hem durmuşyňyza we kabul edýän kararlaryňyza täsir edip biljek dürli adamlar bilen duşuşarsyňyz.Mundan başga-da, günüň dowamynda dürli çeşmelerden köp maglumat alarsyňyz. Şolaryň haýsynyň hakykatdan-da möhüm, haýsynyň bolsa ähmiýetsizdigine tiz wagtda düşünmek zerur bolar.Garaşylmadyk we gyzykly iş teklipleriniň gelmegi ähtimal. Käbir Esetler goşmaça gazanç etmäge mümkinçilik taparlar. Käbirleri bolsa özlerine laýyk gelýän täze iş ornuny ýa-da geljegi uly telekeçilik taslamasyny öwrenmäge mümkinçilik alarlar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün sizi deňagramlylygyňyzdan çykarjak ýagdaýlar kän bolmaz. Günüň özi asuda we öňünden çaklap boljak ýagdaýda geçer. Şeýle hem duýgy ýagdaýyňyz durnukly bolar. Garaşylmadyk ýagdaý ýüze çyksa-da, howsala düşmersiňiz. Ýagdaýy sowukkanly seljerip, dogry çözgüt taparsyňyz we kynçylyklary olaryň ulalmagyna ýol bermezden çözüp bilersiňiz.Şeýle hem diňe özüňiz üçin däl, töweregiňizdäkiler üçin hem köp peýdaly işleri amala aşyrarsyňyz. Munuň üçin olar size tüýs ýürekden minnetdar bolarlar. Bu gün kömege mätäç adamlary goldamak, kyn ýagdaýa düşenlere hemaýat bermek üçin örän amatlydyr. Başgalar üçin edýän ähli ýagşylyklaryňyz ahyrsoňy özüňize hem peýda getirer.Işewür gepleşikler üstünlikli geçer. Hatda öň oňyn çözülmegine umyt etmän gelen meseleleriňiz hem şu gün siziň peýdaňyza çözülip biler. Uzak wagtdan bäri yza süýşürilip gelnen meseleleri täzeden ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly pursat dörär.Günüň ikinji ýarymy geçmiş bilen bagly ýakymsyz ýatlamalary ýa-da öň ýakyn gatnaşygyňyz bolan adamlar bilen garaşylmadyk duşuşyklary getirip biler. Emma siz duýgularyňyza erk bermegiň ýerine häzirki pursatda özüňize bagly bolan meselelere ünsüňizi jemlärsiňiz.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün islendik jedelden hökman üstün çykmagy we hemmeleriň özleriniň dogrudygyny ykrar etmegini isleýän Mizanlar üçin aňsat bolmaz. Şeýle häsiýetli Mizanlar i köp wagtyny jedellerde geçirip, öz pikirini goramaga çalşarlar. Käwagt gaharlanyp, sözlerini oýlanman aýdyp bilerler. Munuň bolsa töweregindäkiler bilen gatnaşyklara ýaramaz täsir ýetirmegi mümkin. Ýöne ylalaşyga gelmegi başarýan, başgalaryň hem başgaça pikir edip biljekdigine düşünýän we öz ýolundan ynamly gidýän Mizanlar üçin gün düýbünden başgaça geçer.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün köp zat adatdakydan has kyn amala aşar. Goldawyna bil baglan adamlaryňyz garaşylmadyk ýagdaýda meýilnamalaryny üýtgedip bilerler ýa-da beren wadalaryny doly ýerine ýetirip bilmezler. Şonuň netijesinde öň meýilleşdirmedik işleriňiz bilen meşgullanmaly bolarsyňyz.Muňa garamazdan, ähli kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçersiňiz. Emma munuň üçin has köp sabyr we zähmet gerek bolar. Esasanam başgalaryň tejribesine bil baglan Akraplar käbir ýalňyşlyklary özleri başdan geçirmeli bolarlar. Şeýle-de bolsa, bu tejribe size gymmatly sapak bolar we ýakyn günlerde örän peýdasyny görersiňiz.Işewür hyzmatdaşlar, ýolbaşçylar ýa-da kärdeşler bilen ownuk düşünişmezlikleriň döremegi ähtimal. Şeýle ýagdaýda açyk dawa-jenjelden gaça durmak maslahat berilýär. Mümkin bolsa, çynlakaý gürrüňleri indiki hepdä geçiriň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Köp wagtdan bäri möhüm we jogapkärli bir işe başlamak isleýän bolsaňyz, emma ünsüňizi jemlemäge mümkinçilik tapmadyk bolsaňyz, bu gün munuň üçin örän amatly pursat döreýär. Hiç kim sizi ownuk aladalar bilen biynjalyk etmez, gündelik işler hem wagtyňyzy kän almaz. Garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli başlan işiňizi ýarym   goýup, başga zada üns bermäge mejbur bolmarsyňyz.Şonuň üçin uly we uzak möhletli meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmäge ynam bilen girişip bilersiňiz. Bu gün esasy maksadyňyza doly ýetip bilmeseňiz hem, oňa ep-esli ýakynlaşarsyňyz.Işewür duşuşyklar we gepleşikler üstünlikli geçer. Eger irden hünär bilen bagly çärelere gatnaşsaňyz, geljekde peýdaly boljak täze tanyşlyklary edinersiňiz. Günüň ikinji ýarymy bolsa hyzmatdaşlaryňyz ýa-da ýolbaşçylaryňyz bilen zähmet haky, maliýe ýagdaýy we kär basgançagynda öňe gitmek mümkinçilikleri barada gepleşmek üçin aýratyn amatly bolar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu günüň esasy kynçylygy duýgy ýagdaýyňyzyň birneme peselmegi bilen bagly bolup biler. Şonuň üçin öňüňizde açylýan mümkinçiliklere, eşidýän maglumatlaryňyza ýa-da ýakyn adamlaryňyzdan gelýän tekliplere dogry baha bermek size aňsat düşmez.Karar kabul etmäge howlukmaň. Häzirki keýpiňiziň bolup geçýän wakalara bolan garaýşyňyza täsir edip biljekdigini ýatda saklaň. Belki-de, ýagdaýy içgin seljermek we dogry netijä gelmek üçin size adatdakydan biraz köp wagt gerek bolar. Bagtyýarlyga görä, şertler size biraz dynç alyp, pikirleriňizi jemlemäge, duýgularyňyza düşünmäge we geljekki ädimleriňizi paýhasly kesgitlemäge mümkinçilik berer.Günüň ikinji ýarymy maşgalaly Jediler üçin örän ýakymly habarlar getirip biler. Maşgalada şatlykly bir waka bolup, şol waka bilen bagly täze meýilnamalar dörär.
Şeýle hem günüň ikinji ýarymy maşgala baýramçylyklaryny geçirmek, garyndaşlar ýa-da dostlar bilen duşuşmak üçin örän amatlydyr.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün  töweregiňizdäkiler size goldawyň nähili möhümdigine hemişe düşünip bilmezler. Emma özüňize birnäçe hoş söz aýtsaňyz, keýpiňiz ep-esli gowulaşar we özüňize bolan ynamyňyz artar.Günüň ilkinji ýarymy, esasanam öň tanaş bolmadyk adamlar bilen iş salyşmaly Daluwlar üçin birneme kyn geçip biler. Ilkibaşda olaryň näme isleýändigine, näme pikir edýändigine ýa-da olar bilen nähili gatnaşyk saklamalydygyna düşünmek aňsat bolmaz. Adatça size dogry ýol görkezýän içki duýgyňyz bu gün öňküsi ýaly ýiti bolmaz.Günüň ikinji ýarymy ilkinji ýaryma garanyňda has şowly bolar. Bu döwür iş meselelerini çözmek, peýdaly işleri üstünlikli ýerine ýetirmek we şahsy durmuşyňyzda oňyn özgerişleri başdan geçirmek üçin amatlydyr. Şeýle hem maşgala bilen bagly syýahatlary meýilleşdiren Daluwlar üçin bu wagt aýratyn üstünlikli bolar. Hiç hili ýakymsyz garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykmaz. Ähli meýilleşdiren işleriňizi ýerine ýetirersiňiz we wagtyňyzy örän şatlykly geçirersiňiz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün siz örän paýhasly, tutanýerli, maksada okgunly we zerur bolsa, beýlekilere kömek etmek üçin ähli güýjüni gaýgyrmaýan adam hökmünde çykyş edersiňiz. Diňe özüňiz üçin däl, eýsem töweregiňizdäkiler üçin hem peýdaly işleri amala aşyrmaga çalşarsyňyz. Käbir Hutlar başgalara kömek etmek üçin öz meýilnamalaryny yza süýşürerler ýa-da ýakyn adamy maliýe taýdan goldamak maksady bilen öň meýilleşdiren satyn almalaryndan ýüz öwrerler.Emma günüň iň gyzykly wakalary günüň ortalarynda bolup geçer. Bu döwür garaşylmadyk duşuşyklary, ýakymly tanyşlyklary wada berýär. Ýaş Hutlar bolsa örän täsin we täsirli ýerlerde bolup bilerler. Şeýle hem bu wagt okuw üçin örän amatlydyr. Esasanam uzak wagtdan bäri synaga taýýarlanmaga ýa-da çylşyrymly bir dersi öwrenmäge başlap bilmedik bolsaňyz, hut şu gün ilkinji ädimleri ätmek üçin iň amatly pursatdyr.
Hormatly okyjylarymyz!