SPORT

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamalyň pikiriçe, häzirki wagtda Ispaniýa we Fransiýanyň milli futbol ýygyndylary dünýäniň iň güýçli toparlarydyr. Bu barada L’Equipe neşiri TVE teleýaýlymyna salgylanyp habar berdi.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Belgiýany 2:1 hasabynda ýeňdi we indiki tapgyrda Fransiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk 14-nji iýulda geçiriler.

“Soňky iki duşuşykda biz Fransiýany ýeňdik. Eger fransuzlar kimdir birinden çekinmeli bolsalar, ol hem biz bolmaly. Soňky gezek olary ýaryşdan çykaran hem bizdik. Elbetde, bu iki beýik topar, meniň pikirimçe, häzirki wagtda dünýäniň iň gowy iki ýygyndysy. Näme boljagyny göreris, ýöne biz olardan gorkmaýarys” diýip, Ýamal aýtdy.

Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2024-nji ýylda geçirilen Ýewropa çempionatynyň ýarym finalynda Fransiýany 2:1 hasabynda ýeňipdi. Şol duşuşykda gollaryň birini Lamin Ýamal geçiripdi.

Ýene-de okaň

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy