Ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu gazanylan üstünlik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Bu pudak azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga-da ýardam berýär. Pudagy ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen işleriň netijesinde täze sepgitlere ýetilýär. Şunuň bilen baglylykda, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty tarapyndan bugdaýyň “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” atly täze görnüşleriniň döredilendigini nygtamak gerek. Munuň özi bugdaýyň hasyllylygyny ep-esli artdyrmaga ýardam etdi.
Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamak, talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygyna gönükdirilýän uly möçberdäki maýa goýumlaryň hasabyna ähli welaýatlarda galla kabul ediş kärhanalary, döwrebap elewatorlar, ammarlar, degirmen toplumlary üstünlikli hereket edýär. Bu bolsa ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda we ýokary hilli gaýtadan işlenmegini üpjün edýär. Şeýle-de munuň özi ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän häzirki zaman degirmenlerinde taýýarlanylýan unuň hiliniň ýokary halkara görkezijilere laýyk bolmagyny üpjün edýär.
