Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün hemme zat biri-birine gabat gelýän, düşnüksiz we çylşyrymly gün bolup biler. Şeýle günlerde esasanam başgalar üçin jogapkärçilik çekýändigiňizi duýýan bolsaňyz, arkaýynlygy saklamak aňsat bolmaz. Maşgalaly Hamallar şeýle hem ýolbaşçylyk edýän ýa-da diňe özüne däl-de ýakynlaryna-da uzak möhletleýin täsir etjek kararlary kabul edýänler üçin gün has kyn geçip biler.Bu wagt size dogry we oýlanyşykly karara dessine gelmek başartmaz. Ilkinji dörän pikirleriňiz amatly çözgüt bolman biler.
Eşidýän zatlaryňyzyň hemmesine bada-bat ynanmaga howlukmaň. Ýagdaýy seljermek, maglumatlary deňeşdirmek we ähli ýagdaýlary gözden geçirmek üçin özüňize wagt beriň.Emma günüň ikinji ýarymy has gyzykly we ýakymly geçer.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün siziň üçin üstünlikli geçer. Diňe ir säherde ownuk kynçylyklar ýüze çykyp biler. Olar esasan maliýe meseleleri bilen baglanyşykly bolar. Garaşylmadyk çykdajylar ýüze çyksa-da olaryň möçberi býujetiňize uly zyýan ýetirmez.Bu wagt ähli meselelerde ýyldyzlaryň goldawyna bil baglap bilersiňiz. Bu ilkinji nobatda möhüm işleri meýilleşdiren ýa-da çylşyrymly meseleleriň çözgüdine üns bermek isleýän Sowurlar üçin has möhümdir. Hiç kim sizi ownuk zatlar bilen biynjalyk etmez. Gaýtam kömek hödürleýän adamlar tapylar we olaryň goldawy örän ýerlikli bolar.Eger iş ugrunda täsirli hyzmatdaşlar gerek bolsa hünär çärelerine gatnaşmak hatda mümkinçilik bar bolsa çykyş edip gazanan üstünlikleriňiz barada gürrüň bermek peýdaly bolar. Pikirleriňiz size uly goldaw berip biljek adamy gyzyklandyryp biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün dürli wakalara baý we biri-birine çapraz gelýän ýagdaýlar bilen tapawutlanar. Şeýle günler size ýaraýar, sebäbi içgysgynçlyga wagt bolmaz. Gyzykly wakalar köp bolar, möhüm kararlary kabul edip olary dessine durmuşa geçirmäge mümkinçilik dörär. Pikirleriňizi paýlaşyp, goldaw alyp täze başlangyçlara girişmek üçin amatly pursatdyr.Şeýle-de bolsa, bu günüň kemçiligi hem bar. Ähli meýilnamalaryňyzy doly amala aşyryp bilmersiňiz käbir işler garaşyşyňyz ýaly gitmez. Ýakymly pursatlar köp bolsa-da, kynçylyklar hem az bolmaz. Esasanam pikirlerini gijikdirmän durmuşa geçirmäge öwrenişen Jöwzalar iş ugrunda bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün alada etmäge düýpli sebäp ýok. Günüň dowamynda oňyn täsirler agdyklyk eder we durmuşyň köp ugurlarynda ýyldyzlaryň goldawyny duýarsyňyz.Täze bir işe başlamagy ýüregiňize düwseňiz meýilnamalaryňyzy tiz wagtda durmuşa geçirmäge mümkinçilik taparsyňyz. Daşyňyzda ynanyp boljak adamlar hem bolar. Şeýle-de bolsa olaryň kömeginiň elmydama garşylyksyz bolmajakdygyny ýatda saklaň. Şonuň üçin öňünden minnetdarlygyňyzy nähili bildirjekdigiňizi we olaryň kömegine nähili jogap berjekdigiňizi ylalaşsaňyz geljekde düşünişmezlikleriň öňüni alyp bilersiňiz.Şeýle hem täze tanşan adamlaryňyza möhüm maglumatlaryňyzy ýa-da syrlaryňyzy açmaga howlukmaň. Soňra olar bu maglumatlary öz bähbidine ulanmaga synanyşyp bilerler. Bu uly mesele döretmese-de, siziň üçin oňaýsyz ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler.Şeýle hem bu gün öňki söýgi gatnaşygyňyzdaky adamyň täzeden aragatnaşyk gurmaga synanyşmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda howlukmaň. Ilki bilen onuň hakyky maksadyna düşünmäge çalşyň. Sebäbi ilkinji seredişde görünýän niýetler aslynda başgaça bolup biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün duýgularyňyzy dolandyrmak we howlukmaç kararlardan saklanmak ukybyňyz iň güýçli ýaragyňyz bolar. Esasanam günüň birinji ýarymynda garaşylmadyk duşuşyklar meýilleşdirilmedik çynlakaý gürrüňler ýa-da öňdäki meýilnamalaryňyzy sorag astyna salýan ýagdaýlar ýüze çykyp biler.
Käbir adamlar şeýle ýagdaýlarda gaharlanar ýa-da aljyraňňylyga düşerdi. Emma siz içki dartgynlyga garamazdan paýhasly çemeleşip, ähli zady düýpli seljermegiň netijesinde dogry çykalga taparsyňyz. Munuň üçin başga biriniň maslahatyna mätäç bolmarsyňyz öz akyl-paýhasyňyz ýeterlik bolar.
Günüň ikinji ýarymy ilkinji bölegine garanyňda has amatly geçer. Täze mümkinçilikler açylar, sizi köp wagtdan bäri gyzyklandyrýan işe başlamak täze bir zady öwrenmek ýa-da ýakymly çärä gatnaşmak üçin amatly pursat dörär. Şeýle-de bolsa güýç-kuwwatyňyzy dogry bahalandyrmagy ýatdan çykarmaň. Bu gün dynç almaga bolan islegiňiz adatdakydan has ýokary bolup biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Eger möhüm bir işi çalt tamamlamagy göz öňünde tutan bolsaňyz islenýän netijä ýetmek üçin has köp wagt we güýç sarp etmeli boljakdygyna taýýar boluň.Esasanam bilelikde işleşmek barada öňünden ylalaşan ýa-da hyzmatdaşlarynyň goldawyna bil baglan Sünbüleler üçin gün kynrak geçer. Käbir meseleleri ýeke özüňiz çözmeli bolarsyňyz. Bu diňe bir amaly taýdan däl, eýsem ruhy taýdan hem agyr bolup biler. Kimdir biriniň wada berlen kömegi bermändigi ýa-da umytlaryňyzyň puja çykandygy baradaky gynanç işleriňize ünsüňizi jemlemäge päsgel berip biler.Şeýle-de bolsa, howlukyp netije çykarmakdan saklanyň.Günüň ikinji ýarymynda ýagdaýlar kem-kemden gowulaşar. Umuman alanyňda, ol ilkinji ýaryma garanyňda has rahat we ýakymly geçer. Maşgala üçin möhüm bolan meseläniň çözgüdine sabyrsyzlyk bilen garaşýan Sünbüleler hoş habar alyp bilerler. Hemme zadyň üstünlikli çözülendigi aýdyň bolar we bu geljege has uly ynam bilen garamaga mümkinçilik döreder.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün siziň üçin örän üstünlikli geçer. Esasanam möhüm işleri meýilleşdiren ýa-da uzak wagt bäri üstünde işleýän meselesini hut şu gün tamamlamagy maksat edinýän Mizanlar üçin amatly döwürdir. Öňüňizden geçip bolmajak päsgelçilikler çykmaz. Käbir ownuk kynçylyklar ýüze çyksa-da olary tiz wagtda ýeňip geçersiňiz. Munuň üstesine, meseleleri ýeke özüňiz çözmeli bolmarsyňyz. Daşyňyzda goldaw bermäge taýýar adamlar bolar we olaryň käbiri hatda öz başlangyjy bilen size kömek etmegi teklip eder.Iş bilen bagly täze teklipleriň gelmegi ähtimal. Olaryň arasynda wezipe ýokarlanmagy bilen bagly mümkinçilikler hem bolup biler. Bu, ilkinji nobatda, soňky günlerde öz ukyp-başarnygyny görkezmegi başaran Mizanlara degişlidir. Ýolbaşçylar siziň has jogapkärli wezipä taýýardygyňyzy ykrar edip bilerler. Täze wezipe diňe bir jogapkärçiligiň artmagyny däl, eýsem girdejiňiziň hem ep-esli ýokarlanmagyny wada berýär. Şeýle-de bolsa, täze girdeji derrew elinize düşmez. Şonuň üçin häzirlikçe ony nähili harçlajakdygyňyz barada pikir etmäge howlukmaň.Söýgi gatnaşyklarynda hem oňyn täsirler agdyklyk eder. Soňky döwürde söýgülisiniň ünsüni ýeterlik duýmadyk Mizanlar üçin ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar garaşýar. Ýakyn adamyňyz size öz ýyly duýgularyny duýduryp, gatnaşyklaryňyza täze öwüşgin berip biler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Günüň başlangyjy aýratyn şowly bolmasa-da, alada etmäge esas ýok. Bu wagt öňünden düzülen meýilnamalara laýyk hereket etmek, gündelik işleri ýerine ýetirmek, tertip-düzgüni berkitmek we gereksiz zatlardan saplanmak üçin amatly bolar.Iş duşuşyklary üstünlikli geçer. Şeýle-de bolsa gazanylan ylalaşyklaryň häzirlikçe diňe deslapky häsiýete eýedigini ýatdan çykarmaň. Eger haýsydyr bir pikiriňiz goldaw alsa-da, onuň derrew durmuşa geçiriljekdigine bil baglamaň. Muňa garamazdan, geljekki hereketleriň ugruny kesgitlemek başardar we özüňizi has ynamly duýarsyňyz.Eger günüň birinji ýarymynda täze hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar ýa-da iş söhbetdeşlikleri meýilleşdirilen bolsa, olaryň netijesi garaşyşyňyz ýaly täsirli bolman biler. Şeýle duşuşyklardan soň näme boljakdygy barada köp oýlanmagyňyz mümkin. Ýöne aladalanmaga derek ünsüňizi başga işe gönükdiriň. Sebäbi netijäni çaklamaga köp güýç sarp etmek diňe sizi ýadar.Günüň ikinji ýarymynda, esasanam maliýe meseleleri ýa-da öň baglaşylan şertnamalar bilen bagly resminamalary resmileşdirýän Akraplar üçin käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Resminamalarda ozal ünsden düşen ýalňyşlyklar ýüze çykyp, olary düzetmek üçin wagt gerek bolar. Bu meseleleriň hötdesinden gelmek mümkin, ýöne şol wagt başga möhüm işler bilen bir wagtda meşgullanmak başartmaz. Şonuň üçin ähli ünsüňizi resminamalara we maliýe işlerine jemläň, galan meseleleri bolsa başga güne goýuň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün ähli zat garaşyşyňyz ýaly aňsat bolmaz. Käbir ýagdaýlar çylşyrymlaşyp gün umumylykda kyn geçip biler. Emma dogabitdi optimizmiňiz sebäpli umytsyzlyga düşmersiňiz we hemme zadyň ahyrynda gowy boljakdygyna ynanarsyňyz. Bu ynam sizi ýalňyşdyrmaz. Çünki şu gün uzak wagt bäri dowam edip gelýän kyn döwrüň tamamlanýan pursaty ýa-da iň bolmanda geljekde haýsy ugur bilen hereket etmelidigiňizi anyk görkezip berýän gün bolup biler.Köpden bäri ynanyp gelen hyzmatdaşlaryňyz ýa-da ýakyn adamlaryňyz bilen düşünişmezlikler ýüze çykmagy ähtimal. Bu ýagdaý diňe bir iş ugrunda däl eýsem şahsy gatnaşyklarda hem duýlar. Käbir meseleler barada ylalaşmak garaşyşyňyzdan kyn bolar. Ozal eglişik etmegi başarýan adam bu gezek has öjükdiriji we tutanýerli bolup biler. Şonuň üçin özara düşünişmek aňsat bolmaz.Günüň ortalarynda ýakymly habarlar we garaşylmadyk hoş sürprizler bolup biler. Bu, ilkinji nobatda, aşyk bolan Kowuslar üçin aýratyn ähmiýetli bolar. Söýýän adamyňyz bilen bolan söhbet size köp şatlyk bagyşlar. Şeýle hem uzak wagtlap gizläp gelen duýgularyňyzyň özara bolandygyny bilmegiňiz mümkin. Bu bolsa size uly ruhubelentlik we ylham berer.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün alada etmegiň zerurlygy ýok. Wakalar garaşyşyňyzdan biraz haýal ösmegi mümkin. Möhüm hasaplan ylalaşyklaryňyz bozulyp ýa-da meýilnamalaryňyzy başga güne geçirmeli bolarsyňyz.
Ýöne bu ýagdaýlar uly ýitgä getirmez. Olar diňe wagtlaýyn gijikmeler bolar. Şeýle kynçylyklar keýpiňizi bozsa-da olary çynlakaý mesele hökmünde kabul etmegiň hajaty ýok. Munuň bilen birlikde täze mümkinçilikler hem açylar. Esasanam iş ugrunda bähbitli hyzmatdaşlyk teklipleri gelip biler. Käbir Jediler üçin bolsa wezipe taýdan ösmegiň täze mümkinçilikleri dörär.Ýolbaşçy wezipesindäki Jediler kabul edýän kararlary bilen öz abraýlaryny has-da berkiderler. Olaryň çözgütleri işgärleriň göwnünden turar we toparyň üstünlik gazanmagyna ýardam eder.Şeýle hem şu gün siziň ýolbaşçylyk ukybyňyz aýratyn aýdyň ýüze çykar. Täsirli adamlar muny görüp, diňe özbaşdak däl-de, eýsem beýlekileri hem üstünlikli dolandyryp biljekdigiňize göz ýetirerler. Şonuň üçin heniz ýolbaşçy däl bolsaňyz, şeýle mümkinçilik peýda bolup biler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün käbir işler garaşyşyňyz ýaly aňsat bolmaz. Şeýle-de bolsa, aladalanmazlyga çalşyň. Oýlanyşykly we sowukkanly hereket etseňiz, islenýän netijeleri gazanyp bilersiňiz.Öň baglaşylan käbir ylalaşyklaryň bozulmagy ähtimal. Bu ýagdaý käbir Daluwlary garaşylmadyk ýagdaýda goýup täze hyzmatdaşlary ýa-da kömekçileri gyssagly gözlemäge mejbur edip biler. Şeýle-de bolsa, alada etmäge esas ýok. Size gerek bolan adamlar tiz wagtdan duşar. Hut şol döwürde öňki çemeleşmäňiziň nädogrudygyny, başga biriniň pikirine aşa bil baglandygyňyzy duýup bilersiňiz. Ýagdaýa has obýektiw baha berip mundan beýläk nähili hereket etmelidigiňizi anyk kesgitlärsiňiz. Şonuň üçin howlukmaň, başagaýlykdan gaça duruň we häzirki bolup geçýän wakalara üns beriň. Şeýle etseňiz, her ýagdaýdan peýda gazanmagyň ýoluny taparsyňyz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün garaşylmadyk wakalar bolup biler. Ýöne olaryň köpüsi ýakymly häsiýete eýe bolar. Mysal üçin ýakynlaryňyz bilen bagly ruhlandyryjy habarlar gelip biler maşgalaňyzda şatlykly wakalar bolup biler ýa-da iş ugrunda oňyn özgerişler ýüze çykar.Bu üýtgeşmeler durmuşyňyzy düýpgöter üýtgetmese-de, geljege has uly ynam bilen garamaga, keýpiňizi götermäge we ownuk kynçylyklary ýeňip geçmäge güýç berer.
Günüň ortalarynda iş ýerinde düşünişmezlikler ýüze çykmagy, hatda kärdeşleriňiz bilen çynlakaý jedelleriň bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlarda esasy dawa işiň özi däl-de, kimiň pikiriniň has möhüm bolandygy barada bolar. Şeýle pursatda jedelleşmegiň ýerine bir ädim yza çekiliň we garşy tarapyň özüni görkezmegine mümkinçilik beriň.Günüň ikinji ýarymy söýgi gatnaşyklary üçin aýratyn amatly bolar. Ýüregiňize ýakyn adam bilen geçiriljek wagt size ýakymly duýgulary bagyşlar. Ol siziň içki dünýäňize düşünip biler, hatda kän söz aýtmazdan hem duýgularyňyzy duýar. Bu bolsa size ruhubelentlik rahatlyk we täze ylham bagyşlar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
