Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün aragatnaşyk babatda aňsat gün bolmaz. Munuň täsiri diňe bir işewürlik gatnaşyklarynda däl eýsem şahsy durmuşda hem aýdyň duýlar. Siz eglişik etmäge öňküden has az meýilli bolup,öz pikiriňizde berk durarsyňyz. Käte bolsa gapma-garşylyklaryň döremegine özüňiz hem sebäp bolup bilersiňiz.
Käbir Hamallar daş-töweregindäkilere adatdakysyndan has tankydy garaýyş bilen çemeleşer. Olaryň käbiri belliklerini aýdanda aýratyn näzik sözleri saýlamaz. Şeýle-de bolsa  bu gün gaty ýa-da gödek sözleri ulanmagyň soňundan ökünç döredip biljekdigini ýatdan çykarmaň. Başgalaryň kemçiliklerini ulaldyp görmäge ýykgyn edersiňiz emma öz ýalňyşlyklaryňyza bolsa has ýumşak çemeleşmegiňiz mümkin. Şeýle ýagdaý esasanam tankydy kabul etmegi halamaýan adamlar bilen düşünişmezliklere getirip biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün,aýratyn-da hünär işi ýa-da emläk bilen baglanyşykly möhüm çözgütleri kabul etmek üçin amatly pursat däl. Çünki göz öňünde tutulmaly ýagdaýlar örän köp bolar we olaryň ählisini içgin seljermek üçin size wagt gerek bolar. Şol bir wagtda daş-töweregiňizdäkiler sizi howlukdyrmaga öz pikirlerini kabul etdirmäge ýa-da işleriňize gatyşmaga synanyşyp bilerler. Şeýle täsirlere garşy durmak hem-de birnäçe sagatlap asudalykda pikirlenmäge mümkinçilik döretmek örän möhümdir. Hut şonda ýalňyşlyklardan gaça durup bilersiňiz.Bir wagtda birnäçe işi ýerine ýetirmäge synanyşmaň. Şeýle usul adatça-da netijeli bolmaýar bu gün bolsa sizden has köp güýç we kuwwat talap eder. Güýjüňizi has peýdaly ugra gönükdirmegiňiz dogry bolar.Şeýle hem bu gün üçin birnäçe möhüm duşuşygy meýilleşdiren Sowurlar wagt meselesinde kynçylyk çekip bilerler. Wagty dogry hasaplamak aňsat bolmaz, gijä galmak ýa-da alada etmek mümkin. Şeýle ýagdaý ilkinji täsiriňize ýaramaz täsir ýetirip biler.Resminamalar bilen işleýän Sowurlar aýratyn seresap bolmalydyrlar. Möhüm maglumatlary ýa-da ownuk jikme-jiklikleri gözdan salmak howpy ýokarydyr. Şeýle ýagdaýda ýanyňyzda resminamalary täzeden barlap biljek ynamdar kömekçiniň bolmagy örän peýdaly bolar. Mundan başga-da, onuň ruhy goldawy we höweslendiriji sözleri hem size uly itergi berer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün siz adatdakydan has köp üns, alada we goldawa mätäç bolarsyňyz. Bagtyňyza  ýanyňyzda size düşünmäge we goldaw bermäge taýýar adamlar tapylar. Olar siziň aladalaryňyza düşünjeli çemeleşer zerur bolsa peýdaly maslahatlaryny berer  hatda käbir meseleleriň çözgüdini öz üstlerine hem alyp bilerler. Şeýle-de bolsa, şahsy syrlaryňyzy diňe köpden bäri ynanýan adamlaryňyz bilen paýlaşmak maslahat berilýär. Täze tanyşlar  nähili mähirli we ýakymly görünseler-de siziň pikir edişiňiz ýaly ynamdar bolman bilerler.Jemgyýetde abraýly orun eýeleýän ýa-da köpçüligiň üns merkezinde duran Jöwzalar aýratyn seresap bolmalydyrlar. Kimdir biriniň ýaýradan myş-myşlary ýa-da esassyz gürrüňleri olaryň abraýyna zeper ýetirip soňraky işlerinde kynçylyklaryň döremegine sebäp bolup biler.Bu gün iş üçin amatly bolsa-da, döredijilik bilen baglanyşykly ugurlarda has üstünlikli bolarsyňyz. Uly üns we takyklyk talap edýän işlerde ownuk ýalňyşlyklaryň ýüze çykmagy ähtimal. Käbir zatlary ýatdan çykarmak ýa-da bulaşdyrmak howpy hem bar. Şonuň üçin günüň ilkinji ýarymynda ýerine ýetirmeli işleriň sanawyny düzüp şol meýilnama boýunça hereket etmegiňiz maslahat berilýär.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün näme bilen meşgullansaňyz-da ýa-da nähili meýilnama gursaňyz-da  öz içki duýgularyňyz we aladalaryňyz ünsüňizi köp derejede özüne çeker. Şol sebäpli bolup geçýän wakalara  alýan habarlaryňyza ýa-da gatnaşyk saklamaly adamlaryňyza obýektiw baha bermek kyn bolar. Köp Seretanlar häzirki ýagdaýlary ulaldyp kabul etmäge ýykgyn ederler. Şol sebäpli ownuk üstünlikler sizi örän begendirip biler käbir ähmiýetsiz wakalar bolsa göwnüňizi çökerip biler. Şeýle-de bolsa döredijilik işi bilen meşgullanýanlar üçin bu gün örän üstünlikli bolar. Täze ylhamyň gelmegi  täsin pikirleriň döremegi we öňden bäri dowam edip gelýän meselelere başgaça nukdaýnazardan seretmek mümkinçiligi açylar. Mundan başga-da, sizi köpden bäri aladalandyrýan adam ýa-da taslama bilen baglanyşykly möhüm maglumatlaryň gelip gowuşmagy ähtimal.Köp Seretanlar kärdeşleri ýa-da ýolbaşçylary bilen geçiren söhbetdeşliginden soň özlerini has ynamly we rahat duýarlar. Şeýle gepleşikler olaryň geljekki hünär mümkinçiliklerine aýdyňlyk girizer hem-de aladalanmaga düýpli sebäpleriň ýokdugyny görkezmäge kömek eder. Şeýle hem uzak möhletleýin iş meýilnamalary emele geler. Telekeçiler üçin bolsa işini giňeltmäge degişli täze mümkinçilikler açylyp biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün täze başlangyçlar üçin örän amatlydyr esasan-da çylşyrymly we jogapkärçilikli işleri ýerine ýetirmekde üstünlik gazanarsyňyz. Şeýle hem ozal başgalaryň başaryp bilmedik meseleleriniň çözgüdini gözlemek üçin amatly pursatdyr. Munuň sebäbi, bir tarapdan  täze usullary synap görmekden çekinmeýändigiňiz bolsa beýleki tarapdan  islendik päsgelçilige garamazdan yza çekilmezligiňizdir.
Ýolbaşçy wezipede işleýän Esetler üçin bu gün aýratyn düşümli bolar. Olar işgärlerine has gowy düşünip iş prosesini netijeli guramagy başararlar. Ozal ýüze çykan düşünişmezlikleri aradan aýyrmak, işgärleriň ynamyny gazanmak we öz pikirleriňizi aýdyň düşündirmek aňsat bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün howlukmaň. Günüň käbir kynçylyklaryna garamazdan, öňde goýan meýilnamalaryňyzdan ýüz öwürmegiň ýa-da ilkinji päsgelçilikde yza çekilmegiň geregi ýok. Diňe ähli işleriň garaşyşyňyzdan has köp wagt talap edip biljekdigini göz öňünde tutuň. Munuň sebäbi diňe bir öz hereketleriňiziň haýallygy däl eýsem hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň ylalaşyklary bozmagy  gijä galmagy ýa-da käbir zatlary ýatdan çykarmagy hem bolup biler. Şeýle ýagdaýlarda sabyrly bolmak we dawa-jenjellerden gaça durmak iň dogry çözgütdir.Islendik ýagdaýda özüňizi ele alyp bilmegiňiz we başga biriniň goýberen ýalňyşlygy sebäpli dörän meseleleri parasatly çözmegiňiz köplerde uly täsir galdyrar. Hut şu häsiýetiňiz netijesinde täze hyzmatdaşlary gazanmagyňyz ýa-da ýakyn wagtda örän gyzykly iş tekliplerini almagyňyz mümkindir.Bu gün täze maglumatlary örän çalt özleşdirersiňiz, haýsy maglumatlaryň peýdaly boljakdygyna, haýsylarynyň bolsa ähmiýetsizdigine aňsatlyk bilen düşünersiňiz. Şeýle hem bilim almak üçin oňyn gün. Ýöne özbaşdak öwrenmek size has uly lezzet berer. Sebäbi täze zatlary öz güýjüňiz bilen öwrenmek we tejribäňizi baýlaşdyrmak size has gyzykly bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün diňe bir işde däl  eýsem peýdaly başlangyçlaryň ählisi üçin hem örän amatly bolar. Netijäniň dessine gazanylmajakdygyna düşünýänligiňiz sebäpli howlukmarsyňyz. Her bir meseläniň ownuk-jikme-jikliklerine üns berip, möhüm zatlary gözden salmazlyga çalşarsyňyz. Hut şeýle çemeleşme size diňe bir ownuk ýalňyşlyklardan däl, eýsem has çynlakaý kemçiliklerden hem üstünlikli gaça durmaga kömek eder.
Köp Mizanlar bu gün tertip-düzgüne adatdakydan has uly ähmiýet bererler. Beýleki günlerde hemme zady gözegçilikde saklamak endigi käwagt ýadawlyk döredýän bolsa, şu gün ol bulaşyklygyň we düşünişmezlikleriň öňüni almaga ýardam eder. Size kömek edýän kärdeşleriňiz we hyzmatdaşlaryňyz hem muny ýokary bahalandyrarlar. Sebäbi her bir işi näme üçin we nähili ýerine ýetirmelidigine has aýdyň düşünerler.Bu gün ýolbaşçy wezipedäki Mizanlar üçin aýratyn düşümli bolar. Olar öz abraýlaryny has-da berkitmegi başararlar.Günüň ortalarynda sizi birneme aladalandyrjak habar gelip biler. Şeýle-de bolsa, onuň iş bilen däl-de, şahsy durmuşyňyz bilen baglanyşykly bolmagy ähtimal. Şeýle ýagdaýda howlukmaň. Ilkinji eşiden maglumatlaryňyza doly ynanman, ýagdaýy dürli çeşmeler arkaly anyklaň. Sebäbi başdaky maglumatlar gapma-garşy bolup, sizi ýalňyş pikir etmäge mejbur edip biler. Asudalygyňyzy saklasaňyz, günüň ahyryna çenli ýagdaýyň aslyna düşünersiňiz we aladalanmaga düýpli sebäbiň ýokdugyna göz ýetirersiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün uly kynçylyklary getirmez, ýöne birneme başagaý geçmegi mümkin. Esasanam irden möhüm duşuşyklary, iş saparlaryny ýa-da jogapkärçilikli işleri meýilleşdiren Akraplar käbir garaşylmadyk ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler. Käbir işler meýilnama boýunça gitmez, şonuň üçin ýagdaýlara görä çalt çözgüt tapmaly we meýilnamalaryňyzy üýtgetmeli bolarsyňyz.Şeýle ýagdaýlaryň ählisini üstünlikli çözüp bilersiňiz. Şeýle-de bolsa günüň ortalaryna çenli biraz dynç alyp, güýç toplamagyňyz zerur bolup biler. Muňa mümkinçilik hem tapylar. Esasy zat, daş-töweregiňizdäkileriň howlukdyrmagyna ýa-da size basyş etmegine ýol bermezlikdir. Özüňiz üçin amatly depginde hereket etseňiz hem gowy netijeleri gazanarsyňyz hem-de güýjüňizi tygşytlap bilersiňiz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün oňyn täsirleriň agdyklyk etmegine garamazdan, käbir meselelerde seresaplylyk görkezmek ýerlikli bolar. Irden meýilleşdiren işleriňizi ýerine ýetireniňizde ownuk bökdençlikler ýa-da garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Şeýle ýagdaýlarda howsala düşmän ýagdaýy sowukkanly seljerip täze çözgütleri gözlemek size üstünlik getirer.Günüň dowamynda köp meseleleri öz wagtynda çözmäge mümkinçilik dörär. Şeýle-de bolsa ähli zady bir günde tamamlamaga çalyşmaň. Möhüm işlere ileri tutulýan tertipde çemeleşiň, ownuk aladalar bolsa ünsüňizi sowurmasyn. Şeýle usul günüňizi has netijeli geçirmäge ýardam eder.Bu gün täze adamlar bilen tanyşmak, işewür gatnaşyklar ýola goýmak we öz pikirleriňizi beýan etmek üçin amatly pursatdyr. Siziň ynamly çykyşlaryňyz we oňyn garaýşyňyz töweregiňizdäkileriň ünsüni özüne çeker. Uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga öwrülip biljek duşuşyklaryň bolmagy hem ähtimal.Şahsy durmuşda hem ýakymly pursatlar garaşýar. Ýakynlaryňyz bilen geçirjek wagtyňyz göwün açar, özara düşünişmek has-da berkär. Agşam bolsa dynç almak tebigatda gezelenç etmek ýa-da maşgala agzalary bilen wagt geçirmek ruhy rahatlygyňyzy dikeltmäge ýardam eder.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün oňyn täsirler agdyklyk eder. Ozal kyn görünýän işler garaşyşyňyzdan has ýeňil amala aşar. Goldawyna bil baglamaýan adamlaryňyz hem garaşylmadyk ýagdaýda siziň tarapyňyzda durup bilerler. Iş ýerinde özüňizi iň gowy tarapdan görkezmäge mümkinçilik dörär. Şeýle üstünlikler geljekde hünär derejäňiziň ýokarlanmagyna ilkinji ädim bolup biler.Köp Jediler  ozal gazanan bilimlerinden we tejribelerinden netijeli peýdalanarlar. Daş-töweregiňizdäkiler siziň öň görmedik güýçli taraplaryňyzy duýup başlarlar. Ozal sizi pes bahalandyran adamlar hem pikirlerini üýtgederler. Bu diňe bir iş babatda däl eýsem şahsy gatnaşyklarda hem öz beýanyny tapar. Size öň kän üns bermedik biri siziň bilen söhbetdeşligiň gyzyklydygyna göz ýetirip, ilkinji ädimi özi ätmegi hem mümkindir.Käbir dostluk gatnaşyklarynda romantik duýgularyň döremegi ähtimal. Şeýle üýtgeşmeler gatnaşyklaryňyza täze öwüşgin çaýar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün birneme başagaý geçse-de, oňyn täsirler agdyklyk eder. Şonuň üçin ownuk kynçylyklar sebäpli aladalanmagyň hajaty ýok. Ünsüňizi uly we çylşyrymly meselelerden has köp, häzirlikçe çözülmegi zerur bolan gündelik işlere gönükdirmeli bolarsyňyz. Şeýle işleri özbaşdak ýerine ýetirseňiz, netijesi has oňyn bolar. Sebäbi olary başgalardan has çalt we takyk ýerine ýetirip bilersiňiz.Şeýle hem bu gün köp Daluwlar  üçin uzak düşündirişlerden, tükeniksiz sorag-jogaplardan we gereksiz gürrüňlerden gaça durmak möhümdir. Üstünlik gazanmak üçin size asudalyk, ünsüňizi jemlemäge we pikirleriňiz bilen başbaşa galmaga mümkinçilik gerek bolar. Hut şeýle pursatlar täze we örän täsirli pikirleriň döremegine itergi berer. Hatda ozal hiç kimiň çözgüdini tapyp bilmedik meselelerine hem üstünlikli çykalga tapyp bilersiňiz.
Bu gün döwlet edaralaryna ýüz tutýan ýa-da resminamalary resmileşdirmek bilen meşgullanýan Daluwlar  üçin hem örän amatlydyr.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün uly wakalara ýa-da geň galdyryjy habarlara garaşylmaýar. Şonuň üçin öňden meýilleşdiren işleriňizi arkaýyn dowam etdirip, gündelik meseleleriňizi howlukmazdan çözüp bilersiňiz. Wakalaryň mundan beýläk nähili ösjekdigi barada artykmaç alada etmegiň geregi ýok.Günüň ilkinji ýarymy ýakymly garaşylmadyk sowgatlar ýa-da gyzykly teklipler bilen begendirip biler. Emma olaryň hiç biri hem uzak möhletleýin ähmiýete eýe bolmaz. Şonuň üçin bu gün bolup geçýän wakalary wagtlaýyn ýagdaý hökmünde kabul etmek has dogry bolar. Şeýle hem kabul edýän çözgütleriňiz, hatda geljegiňize täsir etjek ýaly görünse-de, wagtyň geçmegi bilen ähmiýetini ýitirip biler ýa-da özüňiz pikirleriňizi üýtgedip bilersiňiz.
Bu gün duýgularyňyza adatdakydan has köp erk etdirmegiňiz mümkin. Şol sebäpli soň ýatdan çykjak ownuk meseleler üçin aşa aladalanmagyňyz ýa-da ýüze çykýan kynçylyklary bolşundan has uly görmegiňiz ähtimal. Şeýle pursatlarda sizi köşeşdirip, goldap biljek ynamdar adamyň ýanyňyzda bolmagy örän peýdaly bolar.
Hormatly okyjylarymyz!