SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Russiýanyň «Aeroflot» we Belarusyň «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler.

Russiýanyň «Aeroflot» milli awiakompaniýasy Belarusyň «Belawia» awiakompaniýasy bilen baglaşylan interlaýn-ylalaşygy boýunça biletleriň satylmagyna başlady. Ýolagçylar Minsk arkaly Gruziýa, Ysraýyla we Türkmenistana ýeke-täk petek bilen uçup bilerler diýip, «Aeroflot» habar berýär.

«Aeroflot» «Belawia» awiakompaniýasy bilen interlaýn-ylalaşygy boýunça biletleriň satylmagyny ýola goýdy. Ýlalaşygyň çäklerinde ýolagçylar ýeke-täk petek bilen Minsk arkaly Tbilisi, Kutaisi, Batumi, Tel-Awiw we Türkmenbaşy şäherlerine syýahat edip bilerler. Moskwa bilen Minskiň arasyndaky tapgyrlary «Aeroflot», dowamyny bolsa — «Belawia» ýerine ýetirer» diýlip habarda aýdylýar.

Gatnawlary goşly we goşsuz nyrhlar boýunça resmileşdirip bolar, emma Türkmenistana we yzyna gaýdýan gatnwlarda diňe goşly nyrhlar elýeterlidir.

Türkmenistanly ýolagçylar üçin möhüm we amatly hyzmat şertleri göz öňünde tutuldy: Türkmenistana we Türkmenistandan ähli ugurlar boýunça petekler diňe goşly öz içine alýan nyrhlar boýunça satylar. Bu çözgüt, ugurlaryň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, köp goş bilen uzak aralyga syýahat edýän raýatlar üçin iň ýokary amatlylygy üpjün edýär.

Düzümine 2025-nji ýylda umumylykda 55 milliondan gowrak ýolagça hyzmat eden «Rossiýa» we «Pobeda» awiakompaniýalaryny hem öz içine alýan Russiýanyň iň iri awiasiýa holdinginiň hem-de Belarusyň milli awiakompaniýasy «Belawia» tarapyndan şeýle maksatnamanyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Hazar sebitiniň ulag elýeterliligini ep-esli derejede güýçlendirer we halkara syýahatlar üçin çeýe alternatiwany döreder.

Uçuşlaryň täzelenen tertibi, bitewi petekleri bron etmek we satyn almak mümkinçilikleri «Aeroflotyň» resmi internet sahypasynda, mobil goşundysynda hem-de awiakompaniýanyň resmi satuw ofislerinde elýeterlidir.

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy