JEMGYÝET

Hormatly Arkadagymyz Prezident Ärdogany Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

“Biz ýokary derejedäki syýasy gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyrys. Bu babatda şu ýylyň güýz aýlarynda Türkiýe Respublikasynda ýokary derejeli möhüm çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada bellemek isleýärin” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (СOP31) gatnaşjakdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika babatda hem Türkiýe Respublikasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtap, ýurdumyzyň bu ugurlarda bilelikdäki işleri has-da giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Halk Maslahatynyň Başlygy bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçip, häzirki wagtda müňlerçe türkmen talybynyň Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygyny belledi we olaryň Türkiýede bilim almaklary babatda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürmegiň möhümdigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri: 2025-nji ýylda türkmen-rus gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe boldy

Türkmenistan’da büyük zaferin 73.yılı kutlandı

vepa

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşuryldy

Ata Watan Eserleri