Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
Işewürler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň şanly senesi bilen mähirli gutlady. Işewürler “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň özboluşly binagärlik keşbine eýedigini, bu ýerde ornaşdyrylan çözgütleriň halkara derejede ykrar edilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz myhmanlary türkmen topragynda mübärekläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda ýola goýlan türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi.
Ýokary derejede alnyp barylýan bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge Türkiýäniň ýurdumyzda işleýän kompaniýalary, hususan-da, «Çalyk Holding» kompaniýalar topary uly goşant goşýar. Häzirki wagtda bu düzüm Diýarymyzda senagat we durmuş maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyz «Rönesans Holding» bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şol döwürde kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. «Rönesans» Türkmenistanda birnäçe taslamalary, şol sanda iri senagat kärhanalarynyň, durmuş infrastruktura desgalarynyň gurluşygyny, energetika ulgamyna degişli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdi.
Işewürler bildirilýän ýokary ynam, şeýle-de Türkmenistanda işlemäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
