Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün öňüňizde täze mümkinçilikler açylyp biler. Işleriňizi howlukman, yzygiderli alyp barsaňyz, garaşýan netijäňizi gazanarsyňyz. Maliýe meselelerinde seresaplylyk peýdaly bolar. Ýakynlaryňyz bilen geçiriljek söhbetler göwnüňizi göterip täze pikirleriň döremegine ýardam eder. Agşamky dynç alyş bolsa ertirki günüňize güýç berer.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Günüňiz asuda we netijeli geçer. Öň yza süýşürilen işleri tamamlamak üçin amatly pursat döreýär. Kärdeşleriňiz ýa-da dostlaryňyz tarapyndan garaşylmadyk goldawy alyp bilersiňiz. Maşgala  agzalary bilen düşünişmek  has-da berkeýär. Öz saglygyňyza üns bermegi hem ýatdan çykarmaň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün aragatnaşyklar üstünlik getirer. Täze tanyşlyklar geljekde peýdaly hyzmatdaşlyga öwrülip biler. Döredijilik ukybyňyz güýçlener  şonuň üçin täze taslamalara çekinmän girişiň. Şahsy durmuşda hoş habar ýa-da ýakymly duşuşyk garaşylýar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Duýgularyňyzy dolandyrmagy başarsaňyz, islendik meseläni aňsatlyk bilen çözüp bilersiňiz. Ýakynlaryňyzyň maslahaty bu gün size örän peýdaly bolar. Maliýe bilen bagly kararlarda howlukmazlyk maslahat berilýär. Agşam maşgala bilen geçirilen wagt ruhuňyzy rahatlandyrar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Özüňize bolan ynamyňyz sizi öňe alyp gider. Iş ýerinde täze jogapkärçilikler ýüze çykyp biler, emma olary üstünlik bilen ýerine ýetirersiňiz. Daş-töweregiňizdäkiler siziň başarnygyňyzy ýokary bahalandyrarlar. Şahsy gatnaşyklarda açyk gürrüňdeşlik düşünişmezlikleriň öňüni alar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün tertip-düzgün we sabyr esasy ýaragyňyz bolar. Uly üýtgeşmelere howlukman, bar bolan mümkinçilikleri dogry peýdalanyň. Maliýe ýagdaýyňyzda oňyn özgerişleriň alamatlary görünýär. Günüň ikinji ýarymynda ýakymly habar eşitmegiňiz mümkin.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Durmuşyň dürli ugurlarynda deňagramlylygy saklamak size ýeňiş getirer. Täze pikirleriňiz ýolbaşçylaryň ýa-da ýakynlaryň goldawyna eýe bolup biler. Gatnaşyklarda mylaýymlyk we sabyr ähli gapylary açar. Agşam özüňize wagt bölmek peýdaly bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün öňden meýilleşdiren işleriňizi amala aşyrmak üçin amatly mümkinçilikler dörär. Çylşyrymly meselelerde içki duýgyňyza ynanyň. Maliýe babatda garaşylmadyk girdeji ýa-da peýdaly teklip ýüze çykyp biler. Ýakynlaryňyz bilen hoşniýetli gatnaşyklar sizi ruhlandyrar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Günüňiz işjeň we täsirli geçer. Täze başlangyçlar üstünlikli bolup biler, ýöne ähli ädimleriňizi oýlanyşykly ädiň. Uzakdan geljek habar ýa-da duşuşyk sizi begendirer. Fiziki işjeňlik göwnüňizi galkyndyrar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Sabyrlylygyňyz we jogapkärçiligiňiz bu gün miwesini berer. Işleriňizde möhüm öňegidişlik gazanyp bilersiňiz. Maşgala agzalary bilen açyk söhbet köp meseläni çözmäge kömek eder. Agşam dynç almak we güýjüňizi dikeltmek maslahat berilýär.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Täze pikirler we garaýyşlar sizi üstünliklere ýakynlaşdyrar. Kärdeşleriňiz bilen hyzmatdaşlyk netijeli bolar. Maliýe meselelerinde tygşytly hereket etmek geljek üçin peýda getirer. Dostlaryňyz bilen duşuşyk göwün açyjy geçer.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Duýgurlygyňyz we parasatlylygyňyz möhüm karar kabul etmäge kömek eder. Döredijilik bilen bagly işler üstünlikli bolar. Ýakyn adamyňyzdan goldaw sözlerini eşitmegiňiz mümkin. Günüň ahyrynda rahat dynç almak we geljek meýilnamalaryňyzy gözden geçirmek size ruhy rahatlyk getirer.
Hormatly okyjylarymyz!