SPORT

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Belgiýanyň we Eýranyň milli ýygyndylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda deňme-deň oýnadylar. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Inglwud şäherinde geçirilen duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy. Oýun diňe bir dartgynly göreşi bilen däl, eýsem Aziýa ýygyndysynyň gazanan özboluşly taryhy üstünligi bilen hem ýatda galdy.

Eýranyň futbolçylary duşuşygyň 25-nji minutynda hasaby açmaga juda golaý geldiler. Hüjümçi Mehdi Tareminiň geçiren pökgüsi garşydaşyň derwezesine girdi, emma VAR ulgamynyň gatyşmagyndan soň ofsaýd ýagdaýy sebäpli gol hasaba alynmady.

Ikinji ýarymda Belgiýanyň ýygyndysy kyn ýagdaýa düşdi: 66-njy minutda goragçy Natan Ngoý gödek düzgün bozandygy üçin gyzyl kart alyp meýdançadan çykaryldy. Şeýle-de bolsa, Eýran san taýdan artykmaçlygyny oýnuň ahyryna çenli peýdalanyp bilmedi.

Bu duşuşyk Eýranyň milli ýygyndysynyň başlangyç düzümi dünýä futbolynyň taryhyna girdi. Meýdança çykan 11 futbolçynyň ortaça ýaşy 32 ýyl 181 gün bolup, bu dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky täze rekord boldy. Eýranly futbolçylaryň arasynda diňe üçüsi 30 ýaşdan kiçi boldy: goragçy Saleh Hardani, hüjümçi Mohammad Mohebi we ýarym goragçy Said Ezzatollahi.

Mundan öňki rekord 1998-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Eýrana garşy oýnan Germaniýanyň ýygyndysyna degişlidi. Şol duşuşykda nemes futbolçylarynyň ortaça ýaşy 31 ýyl 334 gün bolupdy.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi