Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Günüň başynda käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Esasanam möhüm duşuşyklary gepleşikleri meýilleşdiren Hamallar üçin bu döwür ýeňil bolmaz. Şeýle hem ýakyn adamlary bilen umumy meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak isleýänler üçin düşünişmezlikler bolup biler. Şeýle ýagdaýlarda duýgularyňyzy gözegçilikde saklamaga çalşyň. Asudalygy we oýlanyşykly çemeleşmäni saklasaňyz ylalaşyga gelmek başardar.Gün geçdigiçe ýagdaý gowy tarapa özgerer. Adamlaryň size has köp düşünýändigini dürli teklipleri hödürleýändigini we pikirlerini paýlaşýandygyny görersiňiz. Günüň ikinji ýarymy möhüm işler üçin amatly bolar. Köp Hamallar diňe bir öz işlerini üstünlikli tamamlamak bilen çäklenmän has uly mümkinçiliklere ukyplydyklaryny hem görkezerler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Hyýallara berilmäň. Käwagt töweregiňizdäki adamlara aşa seresaply ýaly görünýän tejribäňňiz we durmuşda aýaklary ýere berk basyp hereket etmegiňiz bu gün örän peýdaly bolar. Maliýe meselelerinde ownuk-jiklere üns bermek aýratyn möhümdir. Söwda şertnamalaryna gol çekmezden ýa-da satyn alyş etmezden öň iki gezek oýlanyň. Kimdir birine karz bermek ýa-da karz almak maslahat berilmeýär. Bu diňe şahsy puluňyza däl eýsem işiňiz bilen bagly dolandyrýan serişdeleriňize hem degişlidir. Diňe oýlanyşykly kararlar gereksiz çykdajylardan we gynandyryjy ýitgilerden gorap biler.Günüň ikinji ýarymy söýgüde bolan Sowurlar üçin gün örän ýakymly geçer. Söýgi duşuşygy üçin amatly pursatdyr. Söýgüliňiz bilen näçe wagt bäri bile bolsaňyz-da, günüň dowamynda ýatdan çykmajak täsirler we şatlykly pursatlar köp bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Möhüm işleri yza goýmazlyk maslahat berilýär. Günüň birinji ýarymy bu işler üçin ikinji ýarymyndan has amatly bolar. Irden köp Jöwzalaryň kellesine ajaýyp pikirler geler we olary durmuşa geçirmek üçin derrew mümkinçilik döreýär. Iş, okuw ýa-da döredijilik bilen bagly gyzykly teklipleriň we hoş habarlaryň gelmegi ähtimaldyr.Günüň birinji ýarymy iş duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin hem amatlydyr. Siz dogry çemeleşmäni çalt taparsyňyz, zerur sözleri saýlap ynandyryjy delilleri getirip bilersiňiz. Ozal başarnygyňyza şübhe bilen garan adamlar pikirlerini üýtgedip size ynanyp boljakdygyna göz ýetirerler.
Günüň ikinji ýarymy hem erbet geçmez, ýöne has dartgynly bolup biler. Jöwzalaryň keýpi ýygy-ýygydan üýtgäp biler islendik bellik ýa-da tankyt ýüreklerine ýakyn kabul ediler. Maşgala içinde düşünişmezlikler we ýakyn adamlar bilen jedeller ýüze çykmagy mümkin.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Umuman alanyňda, işler erbet gitmez ýöne siz özüňizden hem töweregiňizdäki adamlardan hem nägile bolup bilersiňiz. Bu gün köp Seretanlar talapkär bolar şonuň üçin olar bilen ylalaşmak kynlaşyp biler. Işdeşler ýa-da ýolbaşçylar bilen düşünişmezlikler öý içinde ownuk meselelerden döreýän jedeller we uzak wagtlap dowam edýän gürrüňler bolup biler.Bu gün siziň bilen aragatnaşyk saklaýan adamlar örän duýgur bolup bilerler ownuk zatlara-da göwünlerine alyp bilerler.Emma günüň ikinji ýarymynda dörejek pikirlere üns beriň. Olaryň köpüsi üstünlikli bolup biler. Belki olary dessine durmuşa geçirmek başartmaz ýöne ähli zady içgin oýlanyp indiki ädimleriňizi meýilleşdirmek üçin gowy mümkinçilik döreýär.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Iş bilen bagly meseleler üçin örän amatly gün. Esasanam günüň birinji ýarymynda oňyn täsirler has güýçli bolar. Täze işlere başlasaňyz ýa-da geljekde ynamdar ýaranlaryňyza öwrüljek adamlar bilen tanyşsaňyz üstünlik gazanmak ähtimallygy ýokary bolar. Köp Esetlere öň alan bilimleri we tejribeleri kömek eder. Şonuň netijesinde olar ýalňyşlyklardan gaça durarlar hem-de beýlekileriň başarmadyk işlerini üstünlikli ýerine ýetirerler.Bu döwür ýolbaşçylar ýa-da karýeraňyzyň ösmegine täsir edip biljek adamlar bilen söhbetdeşlik geçirmek üçin hem amatlydyr. Size peýdaly hyzmatdaşlyk ýa-da girdejiňizi artdyrjak goşmaça iş teklip edilmegi mümkin.Günüň ikinji ýarymy birneme kynrak geçip biler. Köp Esetler üçin şahsy gatnaşyklar birinji orna çykar. Ýakyn adamlar bilen düşünişmezlikleri ýeňip geçmeli, söýgüli adam bilen möhüm meselelerde ylalaşyk gazanmaly bolarsyňyz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Işleriňiz garaşyşyňyzdan has köp bolup biler. Meýilleşdiren zatlaryňyzyň hemmesini wagtynda tamamlamak kyn düşse-de, siz gowy netijeleri gazanarsyňyz. Diňe öz meseleleriňizi çözmek bilen çäklenmän beýlekilere hem kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek etmeli bolarsyňyz.Iş ýeriňizde käbir üýtgeşmeler bolup biler. Täze borçlaryň ýüze çykmagy ýa-da öňküsinden has uly jogapkärçiligi öz üstüňize almak zerurlygy döremegi mümkin. Ilki bilen bu sizi alada goýsa-da, tiz wagtdan ýagdaýlaryň siziň peýdaňyza öwrülýändigine göz ýetirersiňiz we emele gelen mümkinçiliklerden peýdalanmagy başararsyňyz.Ýakyn adamlaryňyz bilen çekeleşik döredip biljek temalardan gaça durmak maslahat berilýär. Eger düşünişmezlik ýüze çyksa, ol aňsatlyk bilen uly dawa öwrülip biler emma ony çözmek köp sabyr we tagalla talap eder. Size eziz adamlara garşy sabyrly boluň. Olar sizi ilkinji gezekde doly düşünmeseler-de, gaharlanmaga howlukmaň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bir zat meýilnamaňyz boýunça gitmese aladalanmaga howlukmaň we ýüze çykýan kynçylyklara sabyrly çemeleşiň. Şeýle hem bu gün wakalary çaltlaşdyrmaga synanyşmazlyk örän möhümdir. Işlerde gijikmeler bolup biler käbir duşuşyklar başga güne geçirilmegi ýa-da möhüm meseleleriň çözgüdi yza süýşürilmegi mümkin. Köp Mizanlar üçin işdeşler we ýolbaşçylar bilen ylalaşmak aňsat bolmaz. Günüň dowamynda dürli düşünişmezliklere sebäp boljak ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Başgalaryň bähbitleriniň siziň islegleriňizi doly basyp almagyna ýol bermäň. Ýöne ylalaşyk etmegiň hem öz çägi bardygyny ýatdan çykarmaň.
Günüň ikinji ýarymy ýakymly garaşylmadyk wakalary we keýpiňizi göterjek hoş habarlary wada berýär. Bu wagt ýakyn adamlaryňyz bilen aragatnaşyk etmek möhüm meseleleri maslahatlaşmak we ýakyn hem uzak geljek baradaky meýilnamalar barada gürrüň etmek üçin örän amatlydyr. Siz aladalanýan adamlary köşeşdirmegiň dogry ýoluny taparsyňyz.Şeýle hem aşa ýadawlykdan gaça durmaga çalşyň. Bu gün köp işleri ýerine ýetirmeli bolsaňyz-da, dynç almak üçin arakesme etmegi ýatdan çykarmaň. Bu siziň hem ruhy hem beden taýdan özüňizi gowy duýmagyňyza kömek eder.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Siz tutanýerli hereket etmäge taýýar bolarsyňyz we öňüňizde goýlan maksatlara mümkin boldugyça tiz ýetmäge çalşarsyňyz. Emma iş gatnaşyklarynda seresaply boluň. Size aşa ýakynlaşmaga çalyşýan, köp wada berýän adamlara dessine ynanmaň. Kimdir biriniň sizi öz bähbidi üçin ulanmak islemegi mümkin şonuň üçin şeýle adamlara wagtynda garşylyk görkezmek möhümdir.Günüň birinji ýarymynda kän duýulmaýan oňyn täsirler günortandan soň güýçlener. Bu wagtda şowly gabat gelmeler bolup biler. Köp Akraplaryň geljegi uly pikirleri peýda bolar we olary pikirdeş adamlar bilen ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreýär.Eger kynçylyklar ýüze çyksa, ynanýan adamlaryňyz size hökman goldaw berer. Ýeke-täk kynçylyk söýgüli adam bilen düşünişmekde bolup biler sebäbi ol içki duýgularyňyza we hereketleriňiziň sebäplerine hemişe düşünip bilmez.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Hemmä zat dessine islän görnüşiňizde bolmaz ýöne ýüze çykýan ähli kynçylyklary ýeňip geçmegi başararsyňyz. Günüň başynda ileri tutulýan zatlary dogry kesgitlemek we esasy meselelere ünsüňizi jemlemek ukybyňyz size uly üstünlikleri gazanmaga kömek eder. Peýdaly tanyşlyklar we tejribesi size gymmatly bolup biljek adamlar bilen duşuşyklar bolup biler.Günüň birinji ýarymyna bellenen iş duşuşyklary siziň garaşyşyňyz ýaly geçmezligi mümkin. Käbir Kowuslar geljekki hyzmatdaşlarynda gowy täsir galdyryp bilmezler käbirleri bolsa gelýän tekliplere dogry baha berip bilmezler. Emma tiz wagtdan ýagdaýyň gowy tarapa üýtgeýändigini görersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda oňyn täsirler has güýçlener. Ozal sizi oýlandyran we jogabyny tapyp bilmedik soraglaryňyza çözgüt taparsyňyz. Ozal işleriňize kän goşulmaýan ýa-da olara gyzyklanma bildirmeýän adamlar size goldaw berip ýa-da örän peýdaly maslahatlar berip bilerler.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Sizi işli biraz ýadaw ýöne üstünlikli gün garaşýar. Siz diňe özüňiz üçin däl eýsem töweregiňizdäki adamlar üçin hem köp peýdaly işleri edip ýetişersiňiz.Täze işlere we taslamalara başlap bilersiňiz. Siz üstünlik gazanmagyň ýollaryna tiz düşünersiňiz. Ilkinji ädimleri özbaşdak ädersiňiz, soňra bolsa bir wagtlar özüňiziň kömek eden adamlaryňyz size goldaw bermäge taýyn bolarlar.Günüň ikinji ýarymynda geljek barada oýlanmak we uzak möhletli meýilnamalary düzmek peýdaly bolar.Iň ýakyn adamlaryňyz bilen aragatnaşykda käbir kynçylyklar ýüze çykmagy mümkin. Olar siziň içki duýgularyňyza hemişe düşünip bilmezler. Söýgüli adamyňyz sizi göwnüňize degjek sözleri bilkastlaýyn däl-de, duýman aýdyp biler. Şeýle ýagdaýlarda aşa duýguly hereket etmezlige çalşyň.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Günüň başy örän netijeli geçer. Bu wagtda howlukmaga ýa-da aljyramaga zerurlyk bolmaz. Siz arkaýyn we yzygiderli hereket edip öňden goýlan maksatlaryňyza tarap ynam bilen öňe gider ýa-da täze işlere girişip bilersiňiz. Duýgyňyz size ilki bilen haýsy işe üns bermelidigini, haýsysyny bolsa soňrak goýup boljakdygyny dogry görkezer.Bu gün işi ýa-da gyzyklanmalary bilen bagly çärelere gatnaşýan Daluwlary üýtgeşik duşuşyklar garaşýar. Olar peýdaly tanyşlyklary ýola goýup uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada ylalaşyp täsirli adamlaryň goldawyny gazanyp bilerler.Günüň ikinji ýarymy maliýe meselelerini çözmek üçin amatly bolar. Şertnamalara gol çekmek söwda etmek we zerur zatlary satyn almak mümkin.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün işleriňiz meýilnama boýunça gitmedik mahaly hem asudalygy saklap bilmegiňize bagly bolar. Ýagdaýlar garaşyşyňyz ýaly bolmasa-da, sabyrly bolmak möhümdir. Kömek soramaly bolsaňyz diňe öňden bäri ynanýan we synagdan geçen adamlaryňyza ýüz tutuň.Günüň birinji ýarymynda möhüm kararlary kabul etmekden ýa-da ähli ünsüňizi talap edýän uly taslamalara başlamakdan saklanyň. Siz köplenç başga zatlara ünsüňizi sowup bilersiňiz ýeterlik maglumatyň bolmazlygy sebäpli ýalňyşlyk goýbermek ähtimallygy hem bar. Emma döredijilik bilen bagly işler üçin bu wagt amatly bolup biler.
Günüň ikinji ýarymynda ýagdaý gowy tarapa özgerer. Täze pikirleri ara alyp maslahatlaşmak pikirdeş adamlary tapmak we geljekki ädimleriňizi meýilleşdirmek üçin örän gowy döwür başlanar. Agşam ýakyn adamlar bilen aragatnaşyk etmek, maşgala dabaralaryny geçirmek we dostlukly duşuşyklar üçin amatly bolar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
