TEHNOLOGIÝA

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) sosial ulgamlary ulanmak diňe 15 ýaşdan başlap rugsat edilýär. Degişli karar BAE-niň wise-prezidenti, premýer-ministri we Dubaýyň ýolbaşçysy Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabineti tarapyndan kabul edildi.

Täze düzgünlere laýyklykda, 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlarda şahsy hasap açmak we ulanmak, şeýle hem platformalaryň esasy mümkinçiliklerinden peýdalanmak gadagan edilýär. Muňa kontent çap etmek, teswir ýazmak, açyk toparlara gatnaşmak we internetde giň gerimli özara gatnaşyklaryň beýleki görnüşleri girýär.

15–16 ýaş aralygyndaky ýetginjeklere sosial ulgamlary ulanmak ýörite gorag çäreleri bilen rugsat ediler.

Karar platformalary ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin ygtybarly mehanizmleri ornaşdyrmaga hem borçly edýär. Munuň üçin sanly şahsyýet kesgitleýiş ulgamlary, emeli aň tehnologiýalary we biometrik gurallar ulanylar. Diňe ulanyjynyň ýaşyny özbaşdak görkezmegi ýeterlik subutnama hökmünde kabul edilmeýär.

Mundan başga-da, sosial ulgamlara çagalaryň internetdäki hereketlerini yzarlamaga esaslanýan maksatly mahabatlar üçin olaryň maglumatlaryny ulanmak gadagan edilýär.

Sosial ulgamlara öz işlerini täze düzgünlere laýyk getirmek üçin 12 aýa çenli geçiş döwri berildi.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi