SPORT

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Amerikaly Tori Penso Çehiýa bilen Günorta Afrika Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň duşuşygyna baş emin hökmünde bellenildi. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berýär.

Oýun 18-nji iýunda geçiriler. Pensonyň kömekçileri hökmünde onuň ildeşleri Bruk Maýo we Ketrin Nesbitt çykyş ederler.

Penso 39 ýaşynda. Ol 2020-nji ýyldan bäri Demirgazyk Amerikanyň Baş futbol ligasynyň (MLS) duşuşyklarynda eminlik edip gelýär. Mundan başga-da, ol milli ýygyndylaryň ýoldaşlyk duşuşyklaryna birnäçe gezek eminlik etdi.

Penso erkekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň duşuşygynda baş emin bolup işlejek ikinji zenan emin bolar. Bu babatda ilkinji zenan emin fransuz Stefani Frappar bolup, ol Katarda geçirilen 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Germaniýanyň we Kosta-Rikanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga (4:2) eminlik edipdi.

Related posts

Türkmenistanda “VAR” ulgamy boýunça halkara okuw-maslahaty badalga aldy

Garet Beýl “Kardiff Siti” futbol toparyny satyn almak isleýär

Ata Watan Eserleri

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky ýeňşini gazandy

Ata Watan Eserleri