BIZNES

Türkmen-awstriýa tegelek stol duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-Awstriýa tegelek stol duşuşygy geçirildi. Bu çäre  ykdysady hyzmatdaşlygy täze şertlere laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga we iki ýurduň işewürlik wekilleriniň arasynda anyk maýa goýum şertnamalaryny baglaşmaga gönükdirildi. Tegelek stoluň başyndaky maslahat  iki döwletiň arasyndaky ykdysady köprini has-da berkitmekde möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň dokma, himiýa we gurluşyk önümlerini Awstriýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryna eksport etmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Awstriýanyň häzirki zaman senagat enjamlaryny, derman senagaty önümlerini we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny Türkmenistana getirmek boýunça täze şertnamalara garaldy.

Awstriýanyň ýokary tehnologik we sanly çözgütler baradaky tejribesini Türkmenistanyň senagat binalaryna we önümçilik ulgamlaryna ornaşdyrmak meselelerine seredildi.  Iki ýurduň resmi wekilleri döwletara haryt dolanyşygynyň häzirki kuwwatynyň ähmiýetini, import we eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi ylalaşdylar.

Tegelek stoluň başyndaky duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezýän wideoşekillere tomaşa edildi. Soňra Türkmenistanyň we Awstriýanyň öňdebaryjy hususy kompaniýalarynyň, senagatçylarynyň hem-de maýadarlarynyň gatnaşmagynda  B2B duşuşyklary guraldy.

Aşgabatda geçirilen Türkmen-Awstriýa ykdysady tegelek stoly Hormatly Prezidentimiziň  yzygiderli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň, dünýäniň ösen döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky belent tagallalarynyň aýdyň miwesidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi