BIZNES

Pakistan Türkmenistanda bank şahamçasyny açmagy teklip etdi

Mälim bolşy ýaly, golaýda “Turkmen Textile Expo-2026” atly dokma önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Oňa Pakistan Yslam Respublikasynyň “Muslim Commercial Bank” (MCB) bankynyň we “Nishat Group” kompaniýalar toparynyň başlygy Mian Mohammad Manşanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Pakistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farial Legari, “Muslim Commercial Bank” (MCB) bankynyň we “Nishat Group” kompaniýalar toparynyň başlygy Mian Mohammad Manşa bu serginiň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Serginiň çäklerinde Pakistanyň wekiliýet agzalary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew we Türkmenistanyň dokma senagaty ministri Nurmuhammet Orazgeldiýew bilen duşuşyklar geçirdiler.

Iki tarap dokma önümleriniň söwdasyny berkitmegiň we degişli ýurtlarda dokma öýlerini hem-de kompaniýalaryny açmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. “MCB/”Nishat Group” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mian Manşa türkmen tarapyna özleriniň halkara derejede eksport edilýän taýýar önümlerinde, aýratyn-da öý dokma önümlerinde ulanmak üçin ýokary hilli türkmen ýüplügini import edýändiklerini habar berdi.

Pakistan tarapy ýüplük import etmek üçin Türkmenistanda önümçilik kärhanasyny gurnamagy we türkmen dokma öýleri bilen gönüden-göni söwda etmegi teklip etdi.

Şeýle hem elýeterli energiýa çykdajylaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanda maglumat merkezini (data center) gurmagy, gurluşyk pudagyna maýa goýmaga taýýardygyny aýtdylar we Türkmenistanda “Muslim Commercial Bank” (MCB) bankynyň şahamçasyny açmagy teklip etdi. Mundan ozal, Türkmenistanda Pakistanyň Milli banky işläpdi.

Türkmen tarapy Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dokma söwdasyny çaltlandyrmakda hem-de ösdürmekde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny bellediler.

Ýene-de okaň

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar

Daşoguzda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi

Türkmen-awstriýa tegelek stol duşuşygy geçirildi

Mask taryhda ilkinji trillioner boldy

Ata Watan Eserleri