BIZNES

Himiýa pudagyna 8 mlrd dollar maýa goýuldy

Himiýa pudagyny ählitaraplaýyn ösdürmek garaşsyzlyk ýyllarynda strategik ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylyp, pudagyň ylmy esaslary has-da ösdürildi. Bu barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň tehnologiki taslama we önümçilige ornaşdyrmalar bölüminiň I derejeli inženeri Gülşat Italmazowanyň türkmen metbugatyndaky makalasynda bellenilip geçilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda himiýa pudagynda ylmyň, bilimiň we önümçiligiň ýakyn özara baglanyşygynyň üpjün edilmegi netijesinde kuwwatly önümçilikler ýola goýuldy. Bu ugurda soňky ýyllarda ulanmaga berlen «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlaryny, Garlyk dag-magdan toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny hem-de Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawody görkezmek bolar.

Şu jähetden, soňky 10 ýylyň içinde pudagy ösdürmäge goýlan maýa goýumlaryň möçberi 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy.

 

Dünýäniň iň garry ekizleri

Related posts

Türkmenistan-Russiýa: haryt dolanyşygy 1 mlrd dollardan geçdi

Türkmenistanyň maýa goýum forumy: 44 döwletden wekiliýet gatnaşdy

Talyp wizasy üçin onlina anketa doldurmak möwsümi dowam edýär

vepa