DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň gününiň dabaraly çärelerine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 9–10-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky we Portugaliýa Respublikasyndaky Ilçisi M. Çaryýew Terseýra adasynda (Azor adalary) Portugaliýanyň güni, Kamoens güni we portugal jemgyýetleriniň güni mynasybetli geçirilen döwlet çärelerine gatnaşdy.

Resmi maksatnamanyň çäklerinde türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan diplomatik korpusyň wekillerini kabul etmek dabarasyna, Portugaliýanyň Ýaragly Güýçleriniň gatnaşmagynda geçirilen harby dabaralara, şeýle hem milli baýramçylyk mynasybetli guralan beýleki çärelere gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýa Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguruny gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan milli baýramçylyk mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, şeýle hem Portugaliýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisiniň diplomatik korpusyň wekilleri hem-de Portugaliýa Respublikasynyň resmi şahslary bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu çärelere gatnaşmagy türkmen-portugal dostlukly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge bolan özara gyzyklanmanyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär