Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün meýilleşdiren işleriňiziň hemmesini amala aşyrmak aňsat bolmaz. Esasan hem ýeňil üstünlik gazanjakdygyňyza ynanan ugurlaryňyzda käbir kynçylyklaryň ýüze çykmagy mümkin. Wagtynda göz öňünde tutulmadyk ýagdaýlar sebäpli meýilnamalara gyssagly üýtgetmeler girizmeli bolarsyňyz. Hamallaryň köpüsine çalt karar kabul etmek hem-de jogapkärçiligi öz üstüne almak başarnygy gerek bolar. Ýagdaýlaryň köpüsinde maslahat soraýan ýa-da goldaw berýän adam tapmak kyn bolup biler.
Şeýle-de bolsa, günüň umumy netijesi oňaýly bolar. Işlerde ýüze çykjak ownuk gijikmeler sizi biynjalyk etse-de, iň möhüm wezipeleri wagtynda ýerine ýetirersiňiz. Ozal öwrenen bilimleriňiz we toplan tejribäňiz bu gün aýratyn peýda getirer. Käbir Hamallar hut şol tejribäniň kömegi bilen beýlekileriň başarmadyk işlerinde üstünlik gazanyp bilerler. Şeýle üstünlikler ünsden düşmez we ýakyn wagtda täze hem gyzykly teklipleriň gelip gowuşmagyna ýol açar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün Sowurlara özlerini dolandyrmaga ýa-da täsir etmäge synanyşýan adamlardan seresap bolmak maslahat berilýär. Şeýle adamlaryň işjeňligi aýratyn ýokary bolup biler. Ýyldyzlar mümkin boldugyça köpçülikden daşrakda, ýakynlaryň arasynda ýa-da şäheriň daşynda dynç almagy maslahat berýärler. Şeýle edilmedik ýagdaýynda Sowur özüniň islegi bolmazdan başga biriniň işine çekilip bilner. Şeýle ýagdaý iň gowy ýagdaýda peýda getirmez, iň erbet ýagdaýda bolsa goşmaça kynçylyklaryň döremegine sebäp bolup biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün Jöwzalary haýsydyr bir meselede ynandyrmak üçin diňe logika ýeterlik bolmaz. Olar karar kabul edenlerinde duýgularyna we içki duýuşlaryna köp bil baglarlar. Gün döredijilikli pikirlenmek üçin aýratyn amatlydyr. Täze pikirleri döretmekde, çeper çemeleşmeleri tapmakda Jöwzalaryň öňüne düşjek adam az bolar. Olar adamlaryň duýgularyna aňsatlyk bilen düşünip, ýagdaýlary çuňňur seljerip bilerler. Şonuň üçin daş-töwerekdäkiler olaryň duýgurlygyna haýran galyp bilerler.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün Seretanlar özlerine peýdaly we zerur adamlary töweregine jemläp bilerler. Munuň üçin diňe işjeňlik görkezmek ýeterlikdir. Täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak we peýdaly tanyşlyklar edinmek üçin amatly mümkinçilikler açylar. Esasy zat garaşyp oturman, ilkinji ädimi özüňiz ätmekdir. Başlanan söhbetdeşlikleriň köpüsi üstünlikli dowam eder we geljekde peýda getirer.
 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün Esetler üçin örän üstünlikli günleriň biri bolar. Olar özlerini ýalňyz duýmazlar, tersine, daş-töweregindäki adamlar bilen köp aragatnaşykda bolarlar. Dürli çärelere we duşuşyklara çakylyklar gelip biler. Şol sebäpli haýsy teklibi saýlamalydygy barada karar bermeli bolarsyňyz. Islendik görnüşdäki aragatnaşyk Esetlere ruhy kanagatlanma getirer. Toparda işlenilende olaryň şahsy aýratynlyklary has aýdyň ýüze çykar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün Sünbüleler öz mümkinçiliklerinden peýdalanyp, daş-töweregindäki adamlara täsir edip bilerler. Käte bu täsir gönüden-göni, käte bolsa duýdurmazdan amala aşar. Maksatlaryna ýetmek üçin dürli usullary ulanarlar. Şeýle-de bolsa, islenilen netijä ýetmek köp wagt we güýç talap eder. Şonuň üçin gazanylan üstünlik garaşylşy ýaly uly şatlyk getirmän biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün Mizanlar beýleki adamlaryň pikirlerine üns bilen gulak asmagy başararlar. Çynlakaý gepleşiklerde garşy tarapyň ýagdaýyna düşünmek aňsat bolar. Şol sebäpli jedelleriň köpüsi öz-özünden çözülip biler. Diplomatik başarnyklar, paýhaslylyk we duýgudaşlyk bu gün aýratyn güýçlener. Bu häsiýetler gepleşiklerde, duşuşyklarda we adamlary bilen bagly ähli meselelerde üstünlik gazanmaga ýardam eder.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün Akraplaryň esasy wezipesi ýakynlaryna goldaw bermek bolup biler. Olar söýýän adamlarynyň durmuşyndaky wakalara has köp gyzyklanma bildirip, olaryň aladasyny etmäge ýykgyn ederler. Kynçylyk çekýän adamlary sabyr bilen diňläp, ýerlikli maslahatlar bermegi başararlar. Ýöne bu aladanyň aşa howandarlyga öwrülmezligi üçin öz duýgularyny belli bir derejede gözegçilikde saklamak maslahat berilýär.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Bu gün Kowuslar ýeňşe taýýarlykly bolarlar. Şeýle-de bolsa, töweregindäkiler olaryň pikirlerini goldamaga we yzyndan gitmäge meýilli bolarlar. Bilelikdäki tagallalary talap edýän taslamalary hödürlemek üçin örän amatly gün. Köp adamly çärelere gatnaşanlarynda Kowuslar özlerini ynamly duýarlar. Guramaçy ýa-da araçy hökmünde olaryň mümkinçilikleri aýratyn aýdyň ýüze çykar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ýyldyzlar bu gün Jedilere ýakyn adamlary bilen bagly meseleleri çözmäge üns bermegi maslahat berýärler. Adatça düşünişmezlik bilen tamamlanýan söhbetdeşlikler bu gezek netijeli bolup biler. Siz hem, ýakynlaryňyz hem biri-biriňize düşünmäge taýýarsyňyz. Açyk we ýürekden söhbetdeşlik köp meseleleriň çözülmegine ýardam eder hem-de gatnaşyklaryňyzy has-da berkitmäge mümkinçilik döreder.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün Daluwlar gündelik işleri aňsatlyk bilen ýerine ýetirip bilerler. Öňden öwrenişilen wezipeler aýratyn kynçylyk döretmez. Emma adamlar bilen aragatnaşyk saklamak üçin köp wagt sarp edilmegi mümkin. Olar söhbetdeşliklerden peýdaly maglumatlary almaga, dürli habarlardan habarly bolmaga çalşarlar. Alnan maglumatlaryň käbiri geljekde möhüm artykmaçlyk gazanmaga mümkinçilik berip biler.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün Hutlary köp sanly duşuşyklar garaşýar. Olaryň arasynda öňünden meýilleşdirilenleri hem, garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykýanlary hem bolar. Her bir duşuşyk geljek üçin möhüm ähmiýete eýe bolup biler. Bu hem romantik tanyşlyklara, hem-de işewür gatnaşyklaryna degişlidir. Esasanam hünär işi bilen bagly gepleşiklerde aýdylýan sözlere aýratyn üns bermek gerek. Sebäbi şu gün kabul edilýän kararlar we edilýän çykyşlar geljekdäki iş karýerasyna, jemgyýetdäki abraýa hem-de maliýe ýagdaýyna täsir edip biler. Şonuň üçin her bir sözüňizi oýlanyşykly aýtmak maslahat berilýär.
Hormatly okyjylarymyz!