SPORT

Florentino Peres “Real Madridiň” prezidenti wezipesine täzeden saýlandy

79 ýaşly Florentino Peres “Real Madrid” klubunyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Peres öz garşydaşy, ispaniýaly telekeçi Enrike Rikelmäni yzda galdyryp, kluby 2030-njy ýyla çenli dolandyrmagyny dowam etdirer. Ol bu wezipäni yzly-yzyna sekizinji gezek eýelär.

Mundan öň, eger saýlawlarda Peres ýeňiş gazansa, Žoze Mourinýonyň “Realyň” tälimçisi bolup biljekdigi habar berlipdi. Şeýle hem, täzeden saýlanan prezident “Liwerpuldan” goragçy Ibraima Konateniň we “Interden” Denzel Dumfrisiň transfer edilendigini yglan edipdi.

Ispaniýanyň çempionatynyň geçen möwsüminde “Real” ikinji ýeri eýeledi. Ýaryşyň ýeňijisi “Barselonadan” 8 utuk yzda galdy.

Related posts

Aşgabat bilen Abu-Dabi welosiped sportynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Futbol täzelikleri: Salahyň üstünligi, Afellaýyň futboldan gitmegi

Ata Watan Eserleri

Amerikaly janköýerleriň saýlan iň ökde türgenleri