Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-amerikan işewürlik forumy geçirildi. Oňa iki ýurduň degişli döwlet we işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy.
Forumda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, ABŞ-nyň wekiliýetine bolsa «Türkmenistan-ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart ýolbaşçylyk etdi.
Forumda ABŞ-nyň kompaniýalarynyň arasyndan “Climate Compass”, “CNH Industrial”, “Coca-Cola”, “John Deere”, “Palo Alto Networks”, “Sig Sauer”, “Valley Irrigation” we “Westport Trading Europe Limited” ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri boldy.
Mejlisiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn geljek üçin meýilnamalary bellediler.
Amerikanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik ähmiýetli pudaklarynda üstünlikli işläp gelýändikleri bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan ýokary gyzyklanmasy tassyklanyldy.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, agrosenagat toplumy hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamy görkezildi.
Mundan başga-da, nebit-gaz, senagat we ulag-kommunikasiýa pudaklaryndaky, şeýle hem elektroenergetika, maliýe-bank ulgamy, söwda, oba hojalygy, ekologiýa we beýleki ugurlardaky özara hereketleriň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, edaralarynyň we hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň amerikaly işewürler bilen duşuşyklary geçirilip, olaryň dowamynda bilelikdäki meýilnamalar we taslamalar maslahatlaşyldy.
ABŞ-nyň wekiliýetiniň saparynyň meýilnamasyna Türkmen-amerikan biznes-forumynyň tegelek stol görnüşinde geçirilmegi hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine bagyşlanan birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar hem girdi.
