DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-kuba hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Ministrler daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar, şeýle hem saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem ministrler iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, bilelikdäki ykdysady çäreleri guramagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Germaniýanyň döwlet ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýokary derejeli halkara suw maslahatyna gatnaşdylar