Türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow Wýetnamyň Da Nang şäherinde geçirilýän U23 we U17 Aziýa çempionatynda (U23 & U17 Asian Championships 2026) 23 ýaşyna çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy.
86 kg çenli agram derejesiniň finalynda Alp Arslan Begenjow gazagystanly göreşçi Abylaihan Uzembaýewden 10:0 hasabynda tehniki artykmaçlyk (VSU) bilen wagtyndan öň ynamly üstün çykdy. Bu agramda bürünç medallary indoneziýaly Mor Saçin we Günorta Koreýanyň wekili Täbin Kim gazandylar.
Bu ýeňiş Alp Arslan Begenjow üçin ýaşlaryň arasyndaky yklym ýaryşlaryndaky nobatdaky üstünlik boldy. Mundan öň türgen Wungtau şäherinde geçirilen U23 Aziýa çempionatynda (2025 ý., 79 kg) kümüş medal, şeýle hem Bişkekde geçirilen ulularyň arasyndaky Aziýa çempionatynda (2026 ý., 86 kg) bürünç medal gazanyp, bu ýaryşda erkin göreş boýunça taryhda ilkinji türkmen medalçysy bolupdy.
U23 we U17 Aziýa çempionaty 2026 ýylyň 23-nji maýy — 1-nji iýuny aralygynda Da Nang şäherindäki “Tien Son” sport toplumynda geçirilýär. Ýaryşa Aziýanyň 25 ýurdundan we sebitinden 900-e golaý türgen gatnaşýar.
