DÜNÝÄ

Irfan Ali: ýakyn wagtda Aşgabatda “UN-Habitat” edarasy açylyp biler

Ýakyn wagtda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde BMG-niň Adam ilatynyň ýaşaýyş nokatlary baradaky maksatnamasynyň (UN-Habitat) edarasy açylyp biler.

“Trend” agentliginiň beren habaryna görä, bu barada “UN-Habitat” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň direktory Irfan Ali “WUF13” Şäherleriň Bütindünýä forumynyň çäginde geçirilen Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa forumynda eden çykyşynda habar berdi.

“Häzirki wagtda biziň edaramyz Gündogar Ýewropanyň, Günorta Ýewropanyň, Günbatar Balkanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi 25 döwleti öz içine alýar. Häzirki wagtda sebit edaramyz BMG-niň beýleki agentlikleri bilen birlikde Stambulda ýerleşýär. Biziň eýýäm dört sany ýurt maksatnamamyz bar — Kiýewde (Ukraina), Moskwada, Kosowoda we şu ýerde, Bakuwda (Azerbaýjan).

Ýakyn wagtda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hem taslama edaramyzyň açyljakdygyna örän umyt edýäris” diýip, ol aýtdy.

Ýene-de okaň

WUF13:Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Hytaý” içeri işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli ýagyş taslamasyny ilkinji bolup başlatdy

Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy

Japarow: Gyrgystan Daglyk şäherleriň halkara assosiasiýasyny döretmek başlangyçy bilen çykyş edýär

Özbegistanyň Prezidenti WUF15 forumyny täze Daşkentde geçirmegi teklip etdi